DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasy bilen syýasy geňeşmeler

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasary W.Hajiýew, türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň DIM-niň Orta Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça Baş müdirliginiň Direktory Ýönet Jan Tezel ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerini hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň gatnaşyklary has hem giňeltmegiň möhüm guraly bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Diplomatlar koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar, şol sanda onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şeýle hem pandemiýa ýagdaýynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna ýetirýän täsirine, hususan-da ýük gatnawlary we ulag hereketleri bilen bagly meselelere seredildi.

Ykdysady ýagdaýyň dikeldilmeginiň dowamynda utgaşykly hereketleriň wajyplygyny nygtap, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-Türk işewürler geňeşiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Energetika hem-de ulag-üstaşyr geçelegelerini ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi barada hem gürrüň etdiler. Ylym we bilim ulgamynda özarahereket etmegiň meselelerine hem seredilip geçildi.

Ýene-de okaň

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Eýran bilen Türkmenistan Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine Lew Tolstoý baýragy gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

Täze ýyl baýramy mynasybetli göçme söwdalar geçirilýär

Ata Watan Eserleri