BILIM

Türkiýäniň uniwersitetleriniň uçurymlary üçin baýrakly meýilnama

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler müdirliginiñ (YTB), daşary ýurtlardan gelip Türkiýäniñ ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan we ýokary netijeler gazanan talyplary sylaglamagy maksat edinýän “2021-Türkiýäniñ ýokary okuw mekdeplerini  tamamlanlar üçin baýrakly meyilnamasyna” kabul edişlik başlandy.

Türkiẏaniň ẏokary okuw mekdeplerini tamamlanlar: “Ylmy we akademiki işler üçin baýragy”, “Ykdysadyýet we telekeçilik baýragy”, “Źurnalistika we metbugat işleri üçin baýragy”, “Medeniýet we sungat işleri üçin baýragy”, “Sport ugrundaky baýragy” we “Ömürboýy sylag baýragy” atly 6 dürli ugur boýunça meẏilnama gatnaşmak üçin ýüz tutup bilerler. Uçurymlar özlerini şeẏle-de Türkiẏӓniň ẏokary okuw mekdebini tamamlan başga birini hem dalaşgӓr görkezip bilerler.

Dalaşgӓrleriň meẏilnama gatnaşmak üçin bellenilen tertipde “url.ytb.gov.tr/bb2” salgysy arkaly 2022-nji ýylyñ 28-nji fewralyna çenli gatnaşyk baradaky anketany doldurmaklaryna garaşylẏar. Dalaşgӓrler özlerinden başga uçurymy hem şol salgynyñ üsti bilen dalaşgär görkezip biler.

Türkiýäniñ ẏokary okuw mekdebini tamamlanlar bulardan başga-da, baẏrakly meýilnamalar hem-de dürli habarlar, bildirişler, sylaglar we işler bilen baglanyşykly maglumatlary Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler müdirliginiñ (YTB) www.turkiyemezunları.gov.tr onlaýn sahypasyndan yzarlap bilerler. Munuň üçin sahypa tölegsiz agza bolmak ýa-da agzalyk maglumatlaryny täzelemek gerekdir.

“2020- Türkiýäniñ ẏokary okuw mekdeplerini tamamlanlar üçin baýrakly meýilnama” gatnaşyp, baýraga mynasyp görlen uçurymlar üçin YTB tarapyndan Ankara şӓherinde baẏraklary gowşuryş dabarasy geçirildi. Baýraklar Türkiýäniñ medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, medeniýet we syýahatçylyk ministriñ orunbasary Serdar Çam we YTB-niň Başlygy Abdullah Eren tarapyndan gowşuryldy. Dabara tamamlanandan soñra gatnaşyjylar üçin Stambul şäheri boýunça bäş günlük medeni gezelenç hem gurnaldy.

Türkiýäniñ ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlar üçin baýrakly meýilnamasy 2021-nji ýylda  6 kategoriýa boýunça geçiriler:

–          Ylmy we akademiki işler üçin baýragy

–          Ykdysadyýet we telekeçilik baýragy

–          Źurnalistika we metbugat işleri üçin baýragy

–          Medeniýet we sungat işleri üçin baýragy

–          Sport ugrundaky baýragy

–          Ömürboýy sylag baýragy

“Türkiýäniñ ýokary okuw mekdeplerini tamamlanlar üçin baýrakly meýilnama” ýüz tutmak üçin aşakdaky anketany doldurmak gerekdir.

Meẏilnama ẏüz tutmak üçin iň soňky sene: 2022-nji ẏylyň 28-nji fewraly

Degişli internet salgy: url.ytb.gov.tr/bb2

 

25-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy