BILIM

Türkiýä daşary ýurtly talyplaryň sanyny 500 müňe ýetirer

Türkiýe Respublikasy daşary ýurtly talyplaryň sany artdyrmak ugrunda işjeň iş alyp baryp, 2028-nji ýyla çenli olaryň sanyny 500 müňe ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Özwar habar berdi.

Häzirki wagtda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde 340 müňe golaý daşary ýurtly talyplar bilim alýar we bu görkeziji boýunça Türkiýe Respublikasy dünýäde 8-nji orunda durýar.

Erol Özwar öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin bilim maksatmalaryny ösdürmegiň zerurdygyny belläp, Ýakyn Gündogar, Afrika we Merkezi Aziýa döwletlerinde täze okuw binalaryny açmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Erol Özwar tehnologik ugurlarda, şeýle hem inženerçilik we lukmançylyk ugurlaryna has ýykgyn etmegiň möhümdigini belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkiýe Respublikasynyň hökümeti ýokary bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen ösüşe goşandy bolmadyk maksatnamalary ýapmagy göz öňünde tutýar. Munuň özi diňe bir daşary ýurtdan has köp talyp çekmäge mümkinçilik bermän, eýsem ýurduň bilim derejesiniň hilini hem ýokarlandyrmaga şert döreder.

 

Dünýäniň iň gowy türk uniwersitetleri

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary