JEMGYÝET

Türki Döwletleriň Guramasyndan we TÜRKSOÝ-dan gynanç hatlary gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim.

Öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly gussaňyzy paýlaşyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Size, Siziň ýakynlaryňyza, ähli türkmen halkyna duýgudaşlygymy we medet beriji sözlerimi beýan edýärin.

Mukaddes Remezan aýynda merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa sabyr-takat we gaýrat dileýärin.

Gynanç bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdik.

Öwezini dolup bolmajak ýitgi zerarly şu hasratly pursatlarda biziň pikirlerimiz hem-de dileglerimiz Siziň bilendir. Goý, Siziň käbäňiz baradaky nurana ýatlamalar Size hem-de türkmen halkyna sabyr-kanagat, gujur-gaýrat bersin!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň ýakynlaryňyza we garyndaşlaryňyza çuňňur gynanjymy, Türkmenistanyň halkyna bolsa duýgudaşlyk sözlerimi beýan edýärin!

Gynanç bilen,

Kubanyçbek OMURALIÝEW,
Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň eneňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Bizi kemala getiren, ähli gymmatlyklarymyzyň seresi, çäksiz hormata mynasyp bolan ýaşulularymyzyň aradan çykmagy uly ýitgidir.

Şu agyr pursatda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Ogulabat ejä Beýik Allatagaladan iman baýlygyny, Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna baş saglygyny dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň käbäňiz Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Bizi kemala getiren, ähli gymmatlyklarymyzyň seresi, çäksiz hormata mynasyp bolan ýaşulularymyzyň aradan çykmagy uly ýitgidir.

Şu agyr pursatda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Ogulabat ejä Allatagaladan iman baýlygyny, Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna baş saglygyny dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Sultan RAÝEW,
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy