BILIM

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyna uly üns berilýär. Şunuň bilen baglanyşykly, dil dersleriniň okuw kitaplarydyr gollanmalar, sözlükler bilen üpjünçiligi mydama üns merkezinde saklanylýar. Ýakynda şeýle okuw gollanmalarynyň biri — «Türkçe-türkmençe sözlük» (J.Gökleňow, A.Erjilasun – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) çapdan çykdy. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan talyplar üçin okuw gollanmasy hökmünde hödürlenen bu sözlüge häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe ýakyn söz, söz düzümleri girizilipdir.

Mälim bolşy ýaly, türkmen we türk dilleriniň taryhy kökleri bir bolup, olar gadymy oguz diliniň dowamy hasap edilýär. Şu nukdaýnazardan, bu dillerde umumy sözleriň agdyklyk etmegi tebigydyr. Şonuň bilen birlikde, iki doganlyk halkyň uzak taryhy döwrüň dowamynda biri-birinden aýry galmagy, dürli geografik sebitlerde ýaşamaklary, goňşy halklaryň diliniň täsiri, diliň içki ösüş kanunalaýyklygy we beýlekiler olaryň sözlük düzüminde, ses gurluşynda käbir tapawutlaryň ýüze çykmagyna getiripdir. Sözlükden käbir gadymy oguz sözleriniň türkmen dilinde, käbirleriniň hem türk dilinde saklanyp galandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa gut, saw, kok, üýn, geňiz, sokak, güneý, guzaý (kuzeý), ekmek ýaly sözleri mysal getirmek mümkindir.

Häzirki wagtda türkmen dili Türkiýäniň uniwersitetlerinde we umumybilim berýän mekdeplerinde, türk dili hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we beýleki bilim ojaklarynda hünär ýa-da ders hökmünde okadylýar. Şonuň ýaly-da, türkmen we türk dilleriniň we edebiýatynyň meseleleri, olary okatmagyň usullary, terjimeçilik boýunça ylmy, ylmy-amaly işler alnyp barylýar.

«Türkçe-türkmençe sözlük» atly bu täze kitabyň neşir edilmegi diňe bir talyplar üçin däl, eýsem, türkmen-türk dil gatnaşyklary bilen gyzyklanýanlar, türkmen we türk dillerini gysga möhletli okuwlarda ýa-da özbaşdak öwrenýänler, işewürler, syýahatçylar, terjimeçiler üçin hem örän uly ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny dörediler

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alyş yglan edildi

Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji ýokary okuw mekdebi gurulýar