JEMGYÝET

Türkmenistanlylar Stambulda raýdaşlyk jemgyýetini döretdi

Türkiýe Respublikasynyň gür hem-de köp ilatly şäheri hasaplanýan Stambulda Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýeti döredildi. Bu jemgyýetiň alyp barýan işleriniň türk jemgyýetine tanyşdyrylmagy mynasybetli ilkinji çäre Stambul şäherinde geçirildi. Stambul şäheriniň merkezinde ýerleşýän hem-de dünýäniň öňdebaryjy, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Bahçeşehir uniwersitetinde guralan tanyşdyrylyş çäresi uly gyzyklanma döretdi.

Tanyşdyrylyş çäresine Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory Prof.Dr. Şirin Karadeniz, Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkiýede akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdy. 100 töweregi dürli derejedäki myhmanyň gatnaşmagynda guralan çäräniň başynda iki doganlyk ýurduň – Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlandy. Soňra Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Av.Dr. Döwran Orazgylyjov çykyş etdi.  D.Orazgylyjow öz çykyşynda Türkiýedäki türkmenistanlylaryň arasyndaky raýdaşlygyň, jebisligiň hem-de dostlugyň has-da berkidilmegi we pugtalandyrylmagy üçin jemgyýet döredilendigini belledi. Ol bu jemgyýetiň öňünde duran wezipeleri, hususan-da, jemgyýetiň agzalarynyň arasynda bilim, sport we beýleki ugurlarda köp sanly dürli çäreleri geçirmegi maksat edinýändiklerini mälim etdi. Türkiýäniň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplaryna talyp haky bermek, dostlukly ýurduň uniwersitetlerinde aspirantura hem-de doktorlyk ylmy işlerini alyp barýan türkmenistanly talyplaryň kongresini guramak, uniwersitetli talyplaryň arasynda makala bäsleşigi ýaly dürli çäreleri geçirmegi baş maksat edip goýandyklaryny bellän D.Orazgylyjow sportuň dürli görnüşleri hem-de futbol boýunça ýaryşlary gurnamagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Şeýle hem ol diňe dürli çäreleri gurnaýan jemgyýet bolmak bilen çäklenmän, eýsem türkmenistanlylar hukuk we beýleki ugurlarda goldaw hem-de kömek berýän jemgyýet bolmagy arzuw edýändiklerini mälim etdi.

Soňra jemgyýetiň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistan we Türkiýe bilen bir hatarda 10 ýurduň agzasy bolan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň baş sekretary Adem Kula öz çykyşynda dürli medeni-ynsanperwer ugurlarynda çäreleri gurnamak bilen bir hatarda Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek üçin dürli çäreleri gurnamagy göz öňünde tutýandyklaryny belläp geçdi. 2007-nji ýyldan bäri türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyran gurluşyk-potratçylyk işleriniň möçberiniň 60 milliard dollara barabar bolandygyny bellän Adem Kula soňky 10-12 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýäniň ykdysadyýetine goşan goşandynyň takmynan 200 milliard dollara barabar bolandygyny aýtdy. Ol syýasy-ykdysady taýdan ýokary görkezijilere eýe bolan Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna hem goşant goşmagy maksat edinendiklerini belledi.

Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň ilkinji çäresini gurnamaga mümkinçilik döreden Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory Prof.Dr. Şirin Karadeniz çykyşynda şeýle gowy maksatlary özünde jemleýän jemgyýetiň işlerine goldaw bermäge taýýardyklaryny mälim etdi. Hanym Şirin Karadeniz garamagyndaky ýokary okuw mekdebinde türkmenistanly talyplar bilen bir hatarda dünýäniň 120 ýurdundan müňlerçe talybyň bilim alýandygyny, Birleşen Milletler Guramasy ýaly dürli milletleriň wekillerini özünde jemleýän bilim ojagy bolandygyny nygtady. Rektor jemgyýetiň işine goldaw berjekdiklerini we onuň işiniň rowaç almagyny arzuw etdi.

Dabarada Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň agzasy, deputat Bedri Ýaşaryň iberen gutlag haty oklady. Ol öz gutlagynda: “Bu çäre gatnaşmaga iberen çakylygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň işleri sebäpli Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dabarasyna gatnaşyp bilmeýärin. Jemgyýetiň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýip bellenip geçilipdir.

Dabarada Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri baradaky wideo filmiň görkezilmegi bilen dowam etdi. Soňra Bahçeşehir uniwersitetiniň rektory Prof.Dr. Şirin Karadeniz, bu ýokary okuw mekdebiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri Erbaý Şirin we türkmen-türk işewürler geňeşiniň ýolbaşçysy Halil Awjy we beýleki goldaw beren adamlara ýadygärlik şahadatnamalary gowşuryldy. Dabarada oňa gatnaşan myhmanlar bilen ýadygärlik surata düşüldi. Soňra ýokary okuw mekdebiniň Bosfor (Stambul) bogazyna seredip duran meýdançasynda myhmanlara hödür-kerem edildi.

Dabarada türkmeniň milli halysy, dürli milli gymmatlyklary hem-de “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň dürli sanlary ýerleşdirilen sergi ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde Ankara şäherinde işleýän Bibi Kalynsazoglunyň haly we haly önümleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi.

Bahçeşehir uniwersitetiniň dürli künjeginde Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli bildirişler ýerleşdirildi. Dabarada “Atavatan Danışmanlık LTD” firmasy tarapyndan gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabara “Halil Avcı Şirketler Grubu”, “PSP Mühendislik”, “Atakova Tercüme”, “Dost AŞ”, “Makul Hyzmat Tercüme HK” we “Atavatan Danışmanlık LTD” firmalary gül desselerini iberdi.

Ýene-de okaň

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumyna gatnaşdy