BIZNES

Türkmenistana 18,6 milliard dollar maýa goýum

Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň köpugurly kuwwaty ýakyn wagtda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynda hem görkeziler.

  • Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr.
  • Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» hakyndaky Kararnama hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
  • Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklary tapgyrlaýyn artdyrylýar.
  • 2009-njy ýylyň dekabr aýynda onuň ulanmaga berleninden bäri, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan HHR-e tebigy gazyň 280 milliard kub metrine golaýy iberildi.
  • Gazyň şu möçberiniň 80 göterimden gowragy türkmen ýataklaryndan, ilkinji nobatda bolsa «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ulanylýan ýataklardan ugradyldy.
  • «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäkde täze ýataklar tapgyrlaýyn ulanmaga berilýär. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (СNPС) önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde bu çäkde gözleg, abadanlaşdyrmak we işläp geçmek işlerini amala aşyrýar.
  • Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy.
  • Ol Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan ugry boýunça çekiler.
  •  Onuň işe girizilmegi bilen, gaz geçirijisiniň umumy geçirijilik ukyby 85 milliard kub metre çenli, türkmen «mawy ýangyjynyň» HHR-e eksportunyň möçberi bolsa ýylda 65 milliard kub metre çenli artar.
  • Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir.
  • TAPI,  Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmegi, durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi, täze iş orunlaryny döretmek ýaly wajyp meseleleriň çözülmegi jähedinden wajypdyr.
  • Bu bolsa, öz nobatynda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Gazyň belli bir möçberinden başga-da, günorta goňşymyz türkmen energiýa serişdelerini öz çäginden üstaşyr geçirýändigi üçin uly täjirçilik peýdasyny alar.
  • Häzirki wagtda umumy uzynlygy 1840 kilometre golaý boljak TOPH gaz geçirijisiniň 205 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.
  • Owganystanyň hem-de Pakistanyň çäginde gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça gurluşyk işlerine taýýarlyk görülýär.
  • Bu taslama iki tapgyrdan ybaratdyr. Olaryň birinjisiniň çäklerinde turbageçirijä 5 milliard kub metrden 6 milliard kub metre çenli gazyň akdyrylmagy üpjün ediler.
  • Kompressor beketleri gurlandan soň bolsa, TOPH gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre ýetiriler.
  • Aprel aýynyň ortalarynda Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gazyň iberilmeginiň dikeldilendigini bellemelidiris.
  • 1-nji iýuldan bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserninden tebigy gazy satyn almak barada «Gazprom» bilen baglaşylan bäşýyllyk şertnama hereket edip başlady.
  • Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy hem gün tertibinden aýrylanok.
  • Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilenden soň, türkmen «mawy ýangyjynyň» Ýewropanyň bazarlaryna iberilmegini üpjün etmek üçin degişli guraly işläp taýýarlamak maksady bilen bu ugurdaky işler has-da işjeňleşdirildi.
  • Türkmenistanyň Hökümetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda şu ýylyň iýul aýynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň Wekiliýeti hem muňa ýardam etmelidir.
  • Dünýädäki iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly iň iri maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar.
  • Onuň Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikdäki gorlary 27 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.
  • Häzirki wagtda umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasy 40-dan gowrak guýudan ybaratdyr.
  •  Olaryň her biriniň debiti, ortaça, gije-gündizde 2 million kub metr gaza barabardyr.
  • Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi we häzirki wagtda şeýle kuwwatlykdaky toplumlaryň gurluşygy alnyp barylýar.
  • Şolar TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün eder. Täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy dowam etdirilýär.
  • «Galkynyş» känini özleşdirmäge dürli tapgyrlarda dünýäniň iri kompaniýalary — «Hyundai Engineering» we «LG International Corp» (Koreýa Respublikasy) «Ð¡NPС» (HHR), «Petrofac International» hem-de «Gulf Oil & Gaz Fze» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalary gatnaşdylar.
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitiz Corporation» (Ýaponiýa) «Çalik» we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň arasynda bu ýatagy özleşdirmegiň çäklerinde desgalary gurmagyň taslamasy hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyk bar.
  • Yurdumyzyň günbatarynda «Goturdepe» ýatagynda, şol sanda Hazaryň ýalpak suwly böleginde döwrebap enjamlary hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly 3D seýsmiki barlaglar geçirildi.
  • Mundan başga-da, 870 pogon kilometre barabar bolan «Darja» çäginde 2D usuly bilen seýsmiki gözleg işleri amala aşyryldy.
  • Indi şeýle işler «Barsagelmez» ýatagynda geçiriler.
  • Şol ýerde 3D seýsmiki surata düşürmek işleri 345 inedördül kilometri gurşap alar.
  • «Demirgazyk Goturdepe» ýatagyny bu ugurdaky işleriň geljeginiň uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde görkezmek bolar.
  • Şol ýerde 4 müň metrden gowrak çuňlukda nebitiň täze gatlagy ýüze çykaryldy.
  • «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Singapurda bellige alnan «Ýug — Neftegaz» kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan täze maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynda gözleg-barlag hem-de ulanyş guýularynyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär.
  • Şolaryň birinjisini burawlamak işleri şu ýylyň iýun aýynda başlandy.
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri Hazarýaka sebitde ýerleşen Uzynada meýdançasynda çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň ikisini burawlap, uglewodorod çig malynyň senagat akymyny aldylar.
  • Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň taryhynda şeýle guýular ilkinji gezek burawlanyldy hem-de häzirki wagtda Merkezi Aziýada iň çuň guýular bolup durýar.
  • Bu ýerde nebitçiler bilen birlikde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edaralary hem gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar.
  •  Olar örän çuň guýularyň ýene-de ikisini burawlaýarlar.
  • Şu ýylyň mart aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň we «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň arasynda şu ýatagy özleşdirmek babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.
  • Türkmenistanyň günorta-gündogarynda, Lebap welaýatynda täze «Täjibaý» ýatagy açyldy.
  • Günbatar sebitden tapawutlylykda, bu ýerdäki gaz uly bolmadyk çuňlukda ýerleşýär hem-de ony özleşdirmek aňsatdyr.
  • Şol ýatakdaky ýangyç serişdeleriniň düzüminde kükürtli wodorod ýokdur.
  • Munuň özi bolsa örän wajypdyr. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanan ilkinji guýular 2400 metr çuňlukda önümli gatlagyň üstüni açyp, debiti 475 — 500 müň kub metre barabar bolan gazyň senagat akymlaryny berdi.
  • Hazaryň türkmen böleginiň ýataklarynyň hem geljegi uly hasaplanylýar.
  • Bilermenler şolaryň gorlaryny 12,1 milliard tonna nebit we kondensat hem-de 6,1 trillion kub metr gaz möçberinde bahalandyrýarlar.
  • Häzirki wagtda bu ýerde «Petronas Carigali (Türkmenistan)» (Malaýziýa) kompaniýasy işjeň işleýär.
  • Bu kompaniýa «Toplum –Daýhan birleşigi» şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarmak işlerini alyp barýar.
  • Goýlan maýa serişdeleriniň umumy möçberi 11 milliard dollara golaýdyr.
  • Häzirki döwürde «Magtymguly» hem-de «Diýarbekir» ýataklarynda nebiti we gazy çykarmak işleri amala aşyrylýar.
  • Ýakyn geljekde «Garagol deňiz» ýatagynyň günbatar böleginde burawlamak işlerini işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär.
  • «Dragon oil (Türkmenistan) Ltd» kompaniýasy, «Dragon Oiliň» golçur düzümi (BAE) «Çeleken» şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän «Jeýtun» we «Jygalybeg» ýataklaryny özleşdirýär.
  • Bu ýerde deňiz nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça giň möçberli işler ýerine ýetirildi.
  • Sanlar barada aýdylanda bolsa, şu maksatlar üçin jemi ABŞ-nyň 6,6 milliard dollaryndan gowrak serişde gönükdirildi.
  • Häzirki wagtda «Petronas» we «Dragon oil» kompaniýalary Türkmenistanyň «Uglewodorod serişdeleri hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, baglaşylan şertnamalary uzaltmak barada gepleşikleri alyp barýarlar hem-de bu babatda täjirçilik teklipleriniň birnäçesini hödürlediler.
  • Mundan başga-da, «Buried Hill» (Kipr), «RWE» we «Wintershall» (Germaniýa), «ARETI» (baş edarasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýär) kompaniýalary bilen deňiz bölekleriniň birnäçesi boýunça önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklar bar.
  •  Italiýanyň «Eni» kompaniýasy («Nebitdag» şertnamalaýyn çägi) hem-de Awstriýanyň «Mitro International» kompaniýasy («Hazar» konsorsiumy) bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
  • Bu kompaniýalar Hazar sebitinde indi köp ýyllaryň dowamynda netijeli işleýärler.
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň Russiýanyň «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti bilen «Goturdepe» ýatagyndaky guýulary düýpli abatlamak we nebit gatlaklarynyň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary etmek baradaky şertnamanyň möhleti uzaldyldy.
  •  Onuň çäklerinde «Tatneftiň» şahamçasynda işlemek üçin türkmen hünärmenleri goşmaça seçilip alyndy, ýörite tehnikalar gelip başlady.
  • Geçen ýyl Gyýanly şäherçesinde milli Liderimiziň gatnaşmagynda polimer zawody dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
  • Bu döwrebap gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýalary (Koreýa Respublikasy) tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) gatnaşmagynda guruldy.
  • Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda tebigy gazyň 5 milliard kub metrini gaýtadan işlemäge hem-de şonuň hasabyna ýokary dykyzly polietileniň 386 müň tonnasyny, polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
  • Şu ýylyň aprel aýynda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun ÇŽe Iniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde resminamalaryň ençemesine, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi.
  • Hususan-da, «NaPeCo» milli nebit kompaniýasynyň hem-de «LG International» kompaniýasynyň arasynda şu gazhimiýa toplumynyň önümlerini dünýä bazarlarynda ýerlemek üçin bilelikdäki kärhanany döretmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.
  • Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda Ýaponiýanyň iri kompaniýalary üstünlikli işleýär. Ýaponiýanyň bütin dünýä belli önümleri türkmen bazarynda möhüm orun eýeleýär.
  • Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýynda Ahal welaýatynda dünýädäki ilkinji tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy.
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan gurlan bu täsin toplumyň marketing strategiýasy işlenip taýýarlanylýar.
  • Zawodyň ýylda «Euro-5» standartyna laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa ECO-93 benzininiň 600 müň tonnasyny, ugurdaş önümlerden kükürtden arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny hem-de suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny çykarmaga niýetlenendigini ýatlamalydyrys.
  • Bellenilişi ýaly, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan täze taslamalaryň tanyşdyrylyşy bolar.
  •  Geljekki maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen forumyň çäklerinde geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler hem şu meselä bagyşlanar.
  • Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär.
  • Şolar nebiti gaýtadan düýpli işlemegi 90 göterimden ýokary görkezijä ýetirmäge, ýokary hilli benzinleriň, tehniki ýaglaryň we beýleki nebithimiýa önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
  • Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodda benzolyň öndürilişini ýola goýmagyň tehniki we ykdysady taýdan maksadalaýyklylygy öwrenilýär.
  • Şondan soňra benzol dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän polistirol hem-de kauçuk ýaly gymmatly önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylar.
  • Balkan welaýatynda ikinji polimer zawody hem-de Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürýän zawodyň ikinji nobatdakysy, Lebapda kauçuk we polistirol öndürýän zawod, Daşoguz welaýatynda poliwinilasetat (PVAC) hem-de metanol öndürýän kärhana bilen baglanyşykly taslamalar bar.

 

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi