JEMGYÝET

Türkmen metbugatynda 26.01.2019ý

«Türkmenistan» gazeti

  1. Syýasy habarlar: «Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi», (TDH).

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

     Rahman Joragulyýewiç Hojiýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň wezipesinden boşatmaly;

     Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gülröwşen Hemraýewna Annaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

      Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

     Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

     Wepa Muhammetmyradowiç Meredowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

     Şöhrat Dädebaýewiç Weljikowy Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

     Azamat Beşimowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

     Jumageldi Baýramowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

     Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

     Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

     Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

     Sülgün Amanowna Annadurdyýewany ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy weipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji ýanwary.

«Nesil» gazeti

  1. Medeni habarlar: «Ýagty ýyldyz nur saçar», Gurbannazar Orazgulyýew, ýazyjy.
  2. Çeper döredijilik: Goşgular: «Aýdym; Ahwal; Güzer…», Oguljemal Çaryýewa.

Hekaýa: «Serkerdäniň bagty», Aknur Rozyýewa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.

  1. Sport we syýahatçylyk habarlary: «Sport habarlary», Allaberdi Allanurow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys