DÜNÝÄ

Trampyň ulagy auksionda

ABŞ-daky öňdebaryjy awtoulag söwda satuwlary bilen meşgullanýan “Mecum Auctions” söwda-satuw öýi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa degişli awtoulagy satuwa çykardy. Bu barada www.businessinsider.com internet neşirinde hem bellenilip geçilýär.

Donald Trump-yň gyzyl reňkdäki 2007-nji  ýyldaky “Ferrari F430” kysymly ulagy  7-nji ýanwardan 16-njy ýanwar aralygynda “Mecum” auksionynda satuwa çykarylar.

Söwda öýüniň habar bermegine görä, “Ferrari F430” kysymly ulagy  satyn alan adama Doland Trampyň goly bolan resminamalaryň göçürmesi hem berler.

Bu awtoulag bilen 11 müň kilometrden gowrak aralyk geçilipdir. Onuň bahasy 400-500 müň dollar aralygyndadyr.

Trampyň bu “Ferrarisi” ilkinji gezek auksiona çykarylmaýar. Tramp bu ulagy 2007-nji ýylda satyn alypdy. 4 ýyldan gowrak saklady. 2017-nji ýylyň martynda Prezident saýlanandan soňra Trampyň bu ulagy “Fort-Loderdeýle” söwda öýünde satuwa çykarylypdy. Ýöne garaşylan baha bolmansoň, satuwdan çykarylypdy.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler