BIZNES

Tramp emeli intellekt we kripto pul birligi boýunça ýolbaşçy bellär

ABŞ-nyň täze saýlanan Prezidenti Donald Tramp meşhur baý işewür Ilon Mask bilen ýakyndan işleşen we Silikon jülgesiniň meşhur maýadary Dawid Saksy Ak Tamyň Emeli intellekt we kripto pul birligi boýunça ýolbaşçysy wezipesine bellemekçidigini mälim etdi. Bu täzelik Tramp administrasiýasynyň tehnologiýa liderleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň giňeýändigini görkezýär.
Dawid Saks “PayPal” platformasynda Mask bilen bilelikde işläp, köp ýyllyk maýa goýum tejribesi bilen tanalýar. Saks Ak Tamyň “Emeli intellekt we kripto pul birligi boýunça ýolbaşçysy” hökmünde Trampyň administrasiýasynyň bu ugurlardaky syýasatlaryny dolandyrar.
Tramp bu barada “Truth Social” jemgyýetçilik platformasynda: “Bu möhüm wezipede Dawid Amerikanyň emeli intellekt we kripto pullar boýunça bäsdeşligini ösdürmek üçin syýasatlary ösdürmekde uly goşant goşar” diýip belledi.
Mundan başga-da, Ilon Mask Trampyň saýlaw kampaniýasyna çärýek milliard dollardan gowrak pul kömegini beripdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder