ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan daşary ýurtlulara awtomatik ýagdaýda “Grin kart” berilmeginiň maksadalaýyk bolup durýandygyny belledi. Bu barada ABŞ-nyň metbugaty habar berýär.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň prezident saýlawlary üçin dalaşgär bolmak üçin tagalla edýän Donald Tramp ABŞ-daky kolležleri tamamlaýan daşary ýurtlularyň diplomynyň bir bölegi ýaly awtomatiki ýagdaýda “Grin kart” almaga mynasypdygyny belledi.
Tramp ökde uçurymlaryň ABŞ-nyň ösüşine ep-esli goşant goşup biljekdigini we olaryň bu ýurtda galmagyna mümkinçilik boljakdygyny aýtdy.
Donald Trapm dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli adamlaryň Amerika gelmegine has köp mümkinçilik döredip biljekdigini belläp geçdi.
“Bu kiçi kolležleri hem öz içine alýar. Kolleži tamamlan her kim – ol ýerde 2 ýyl ýa-da 4 ýyl okapsyňyz tapawudy ýok, uniwersiteti gutaran bolsaňyz ýa-da kolležden doktorlyk derejesini alsaňyz, bu ýurtda galyp bilersiňiz” – diýip, Tramp belläp geçdi.
