SPORT

Toparyň iň garry janköýeri aradan çykdy

Angliýanyň dünýä belli “Mançester Siti” futbol toparynyň 104 ýaşly janköýeri Wera Koen aradan çykypdyr. Wera 1933-nji ýyldan bäri stadiona gelip öz söýgüli “Mançester Siti” toparyny goldamagy dowam edipdir. Wera Koen toparyň iň uly ýaşly janköýerlerinden biridigi habar berildi. Ony aradan çykandygyna gynanan “Mançester Siti” futbol topary hem janköýeriň maşgalasyna gynanç bildiripdir.

90 ýyl töweregi wagt bäri janköýerlik edýän toparynyň oýunlaryna tomaşa etmek üçin petekleri satyn alyp gelipdir. Bu janköýeriň dogany bolsa häzirki wagtda 100 ýaşynda. Ol hem bu toparyň janköýeri hasaplanylýar.

2017-nji ýylda toparyň öňki kapitany Winsent Kompani, bu janköýeriň öýünde myhmançylykda bolupdyr. 2018-nji ýylda bolsa Wera we onuň dogany Halon “Premýer liga” çempionatynda “Mançester Siti-Fulhem” duşuşygynda topary meýdança alyp çykypdyrlar.

Bu duşuşykdan soňra Koen Dawid Silwa gol geçirmegini haýyş edipdir. Futbolçy janköýeriň haýyşyny uly höwes bilen ýerine ýetiripdir.

Koen süýji nygmatlary bişirip, soňra bolsa olary satyp we satan puluna ýerli hassahana pul ýygnamak babatda alyp baran asylly işleri bilen Mançester şäherinde meşhur bolupdyr. Häzirki wagtda Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynda “Mançester Siti” topary 22-nji tapgyryndan soňra 50 utuk gazanyp, birinji orunda ynamly ýerleşýär.

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Meşhur horwat futbolçysy Gyrgyzystana tälim berer

Rimde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Messi Amerikanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi: Özbegistan Ronaldo garşy oýnar

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar