Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde doam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji güni hytaýly türgenler üçin şowly başlady. Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medaly Hytaýyň 21 ýaşly türgeni Ýan Sýan gazandy.
Amerikaly türgenler 1972-nji ýyldan soňra ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji güni medal gazanyp bilmedi.
KOSOWA WE EKWADORDAN TARYHY ÜSTÜNLIK
Soňra Hytaýyň agyr atletikaçy zenan türgeni Hytaýa ikinji altyn medalyny gazandyrdy. Şeýle hem Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji gününde Kosowa we Ekwador ýaly ýurtlaryň türgenleri hem altyn medallar gazandy. Bu iki ýurt hem özüniň Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ikinji altyn medalyny gazandy.
Ekwadorly welosipedçi Riçard Krapas 20 kilometr aralykda ýol welosiped ýaryşynda altyn medaly gazandy. Ol Ekwadoryň iknji Olimpiýa altyn medaly bolup, ýurduň ilkinji altyn medaly 19956-njy ýylda Atalantada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda 20 kilometr sport ýörişi ýaryşynda Jefferson Peres gazanypdy.
Kosowadan bolsa Distriýa Krasniki 48 kilogram agramda dzýudo altyn medalyň eýesi boldy. Kosowanyň ilkinji altyn medaly 2016-njy ýyldaky Rio Olimpiýa oýunlarynda ýene-de dzýudo sport görnüşinde gazanylyp, Malinda Kelmendi 52 kg altyn medalyň eýesi bolupdy.
Ýeri gelende bellesek, ýer eýeleri Ýaponiýanyň ilkinji medalyny, ýagny altyn medalyny dzýudoda Naohisa Takao gazandyrdy.
Häzirki wagtda Aşgabatda wagty bilen 18:00-da Olimpiýa oýunlarynyň medallarynyň sanawynda öňdeligi Hytaý eýeleýär. Soňky maglumatlara görä, 22-den gowrak ýurt Olimpiýa oýunlarynda medal gazandy.
№ | ÝURT | ALTYN | GÜMÜŞ | BÜRÜNÇ | JEMI |
1 | Hytaý | 3 | 0 | 1 | 4 |
2 | Ýaponiýa | 1 | 1 | 0 | 2 |
3 | Günorta Koreýa | 1 | 0 | 1 | 2 |
4 | Eýran | 1 | 0 | 0 | 1 |
4 | Kosowa | 1 | 0 | 0 | 1 |
4 | Ekwador | 1 | 0 | 0 | 1 |
7 | Russiýa | 0 | 1 | 1 | 2 |
8 | Rumyniýa | 0 | 1 | 0 | 1 |
8 | Serbiýa | 0 | 1 | 0 | 1 |
8 | Belgiýa | 0 | 1 | 0 | 1 |
8 | Niderlandlar | 0 | 1 | 0 | 1 |
8 | Hindistan | 0 | 1 | 0 | 1 |
8 | Taýwan | 0 | 1 | 0 | 1 |
14 | Şweýsariýa | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Indoneziýa | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Meksika | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Sloweniýa | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Fransiýa | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Mongoloýa | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Gazagystan | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Estoniýa | 0 | 0 | 1 | 1 |
14 | Ukraina | 0 | 0 | 1 | 1 |