SIZDEN GELENLER

Tokaýlar we agaçlar barada…

Tokaýlar we agaçlar hakynda gyzykly maglumatlar, ekosistemanyň gurluşyny has gowy tanamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir, bu ýerde agaçlar durmuşyň esasy görnüşi bolup durýar.

Tebigatyň aýrylmaz bölegi bolan tokaýlaryň ýaşyl dünýäsi asman giňişliklerini arassalaýjy janly fabrige, zemin guşaklyklarynyň iň mukaddes gözellikleriniň kerwenbaşysyna meňzedilýär. Ekologiýa ylmynda iň az meýdany 0,5 gektary düzýän, iň az giňligi 3 metre barabar bolan dürli ýaşdaky, inlilikdäki, göwrümdäki, agyrlykdaky agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň toplumlaýyn örtügini özünde jemleýän biologik dürlüligiň we tebigy gurşawyň düzüm birlikleriniň jemi tokaý çäkleri hökmünde kabul edilýär.

Ösümlikler adam iýmitiniň 85 göterimini üpjün edýär. Haýwanat dünýäsiniň dürli görnüşleriniň 80 göterimi tokaýlarda ýaşaýar, olardan gündelik peýdalanýar. Dünýäniň häzirki zaman ösüşinde Zeminiň «ýaşyl altyny» hasaplanylýan tokaýlaryň çäklerinden alynýan önümleriň görnüşi 12 müňe golaýlaýar.

Tokaýlar köp haýwanlaryň, guşlaryň we mör-möjekleriň ýaşaýan ýeri bolany üçin tebigatyň möhüm bölegi.

Tokaýlar we agaçlar hakynda gyzykly maglumatlary size ýetirýäris.

  • Agaçlar ömrüniň dowamynda ösýärler.
  • Tokaýlar ýeriň üçden bir bölegini tutýar.
  • Tokaýa köplenç “planetanyň öýkenleri” diýilýär we bular diňe owadan sözler däl. Agaç bolmadyk bolsa, durmuş hem bolmazdy.
  • Dünýädäki agaçlaryň umumy sanynyň diňe 7% -i adamlar tarapyndan ekilipdir.
  • Bir albom sahypasyny ýasamak üçin 15-20 gr agaç gerek bolýar.
  • Tokaý zolagynyň 50% -i tropiki tokaýlar bilen örtülendir.
  • Agaçlaryň iň gymmatly görnüşi mahoganidir.
  • Dünýädäki iň beýik agaç Amerikada ösýär we beýikligi 115 metre ýetýär.
  • Her ýyl dünýäde 100 milliona golaý agaç ýok bolup gidýär.
  • Tokaýda adam gezelenç eden halatynda onuň dem alşy kadalaşýar. Mundan başga-da, adamlarda ýürek urşy minutda 15-20 urgy azalýar.
  • Beýik Britaniýada agaç sany boýunça aşakdkay orunlary eýeleýär. Bu ýurtda tokaýlar ýurduň meýdanynyň 6 göterimini tutýar.
  • Ýylyň dowamynda dub agajynyň ýokarky başy takmynan 1 metr ösýär.
  • ABŞ dünýäde iň köp kagyz sarp ediji döwletdir.
  • Ortaça bir agaç ýylda 100 m³ kislorod öndürýär.
  • 1000 agaçdan 4000 tonna kagyz öndürilýär.
  • Sekwoýa – dünýäniň iň beýik agajydyr.
  • Gaýyň agajy  Ýer togalagynda iň köp ýaýran ýaprakly agaçdyr.
  • Finlýandiýanyň meýdanynyň 70% -den gowragy tokaýlar bilen örtülendir. Bu görkeziji boýunça Finlýandiýa Ýewropanyň öňdebaryjysydyr.
  • Ortaça her adam üçin 60 töweregi agaç düşýär.

Şanazar Nurmyradow, TOHU-nyñ talyby.

 

 

Dünýäniň iň uly çöli

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika