BIZNES

Tokaýew: Gazagystan ýyllyk nebit önümçiligini 100 million tonna ýetirmegi maksat edinýär

Gazagystan geljekde ýylda 100 million tonna nebit öndürmek maksadyna ýetmegi maksat edinýär. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada daşary ýrt maýadarlary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

– Geljekde nebit önümçiligini her ýylda 100 million tonna möçberine ýetirmegi maksat edinýäris. Soňky 30 ýylda nebit önümçiligini 3 esse artdy. Bu üstünlik Gazagystanyň nebit önümçiliginde öňdebaryjy 5 ýurduň arasynda oruna almagyna mümkinçilik döretdi – diýip, Prezident Tokaýew belledi.

Gazagystan 2024-nji ýylda nebit önümçiliginiň möçberini 88 million tonnadan geçirmegi meýilleşdirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder