TEHNOLOGIÝA

Telewizorlar barada gysgaça

Telewizor – bu hereketli monohrom (ak-gara) ýa-da reňkli şekilleri ses bilen  iki ýa-da üç  koordinatalar sistemasy görnüşde  ýaýradýan telekommunikasiýa  serişdesidir. Telewizor – mahabat, güýmenje, habarlar we sport üçin köpçülikleýin  serişdedir.

Telewizor  adalgasy grek tele – ,,uzak, daş”, latyn visio – ,,görmek” sözleriniň birleşmeginden  emele  gelipdir. Bu  düşünje  XIX  asyryň  ahyrynda  XX  asyryň başynda döräpdir. Emma  alymlar XVIII  asyra  degişli işlerde  hem  bu düşünjä  gabat  gelipdirler. Bu adalga resmi taýdan ilkinji gezek rus alymy Konstantin Perskiý tarapyndan 1900-nji ýylyň 18-25-nji awgustynda Parižde Halkara Bütindünýä ýarmarkasy wagtynda geçirilen 1-nji Halkara Elektrik Gurultaýynda fransuz dilinde hödürlän resminamasynda ulanylyp başlandy. Şondan soň, 1907-nji ýylda adalganyň iňlis dilindäki görnüşi döräp, ol ,,hereketli şekilleri telegraf ýa-da telefon simleri arkaly geçirmek üçin nazary ulgam” hökmünde ylymda tassyklanypdyr.

Ilkinji mehaniki telewizorlaryň emele gelmegine  1897-nji ýylda alym  Ferdinand Braun tarapyndan katod şöhlesiniň oýlap tapylmagy esasy sebäpleriň biri boldy. Şeýlelikde, ilkinji mehaniki telewizory 1925-1926-njy ýyllarda şotland alymy Jon Baýrd we amerikan alymy Çarlz Jenkins oýlap tapypdyr. 1927-nji ýylda alymlar Filo Farnsworz we Wladimir Zworykin bilelikde şekilleriň hereket edişiniň usulyny oýlap tapanlaryndan soňra elektron telewizorlary hem döräp başlapdyr. Şol ýyllar telewizoryň esasy ösen ýyllary boldy. Şoňa görä-de, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda mehanika telewideniýe üçin jemi 15 sany synag stansiýasy bardy. 1929-njy ýylda şol wagtky Söwda sekretary Gerbert Guwer (ABŞ-nyň 31-nji prezidenti) hem AT&T-iň (American Telephone and Telegraph Company)  mehaniki telewideniýesinde çykyş etdi. Şeýle-de, 1930-njy ýyllaryň başynda RCA (Radio Corporation of America) kompaniýasy hem birnäçe ýaýlym synaglaryny geçirdi. Bu bolsa telewideniýäniň köpçülik habar beriş serişdesi hökmünde ilkinji ösüşleriniň mysalydyr.

Beýik Watançylyk urşundan soňra, telewizoryň ösüşi täze tapgyra gadam basýar.  Maglumatlara görä, ABŞ-da özünde 7000 sany işleýän telewizor, 9 sany stansiýa bolupdyr.  1948-nji alymlar ilkinji gezek uzakdan dolandyrylyp bolýan ,,Tele Zoom” atly telewizory oýlap tapypdyr. 1949-njy ýylda Peter Goldmark gara we ak görnüşdäki telewizorlara gyzyl-gök-ýaşyl reňklerini garyşdyrmagy  bilen beýleki reňkleri bolan  şekilleri almagy başarypdyr. Şoňdan soňra, reňkli telewizorlary döretmeklik islegi has-da artyp başlapdyr.  Peter Goldmarkyň telewizorlara reňkli şekilleri bermekligiň üsti bilen ilkinji gezek ABŞ-yň “Pensilwaniýa ştatyndaky we  ,,Atlantic City” döwlet hassahanalary baradaky maglumatlary reňkli görnüşde ýaýratmagy başarypdyrlar. Şeýlelikde, bu alymyň işi has-da ösdürilip 1954-nji ýylda RCA kompaniýasy reňkli telewizorlary hödürläp başlady.

Ylmyň ösmegi bilen telewizorlar hem uly özgerişlikler gazandy. Ýagny, kabel, sanly, internet, 3D, lazer görnüşdäki telewizorlaryň oýlanyp tapylmagy bilen olar adamzat durmuşynda giň orna mynasyp boldy. Indi biz dünýäniň beýleki ujunda bolýan wakalary, hadysalary oturan ýerimizden ýokary hilde görmäge mümkinçiligimiz bar. Şeýlelikde, telewizorlar şu wagtky döwürde adamzat durmuşynyň esasy bölegi bolup durýar. Şol sebäpli her ýylyň noýabr aýynyň 21-i ,,Bütindünýä telewideniýe güni” diýlip ykrar edildi. Sebäbi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji gezek  ,,Bütindünýä telewideniýe forumy” 1996-njy ýylyň 21-nji noýabrynda geçirilipdir.

Soňky döwürde biziň ýurdumyz hem telewizor önümçiligine uly üns berlip başlandy.  Ýagny, ýurdumyzda 32, 42 we 55 dýum ölçegleri bolan smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýuldy.  Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edýän atalyk aladalarynyň netijesidir.

 

Begenç Aşyrow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy