SIZDEN GELENLER

Telekeçilik işiniň esaslary

Telekeçilik sözüniň aňyrsynda “iş”, kärhana, önümleri, hyzmatlary öndürmekligi durýar. Ykdysady ösüşlerde telekeçiligiň tutýan orny örän uludyr. 0l ykdysadyýetiň innowasion düzüminiň aýrylmaz bölegidir. Näçe köp adam özüniň ukybyny we döredijiligini özleşdirip bilse, şonça-da ykdysadyýetiň mümkinçilikleri bilen, onuň hakyky netijeleri bilen aratapawut kemelýär. Telekeçilik täze ösen önümçilikleri ulanmaklyga we könelerini aýyrmaklyga ýardam edýär. Telekeçilik milli ykdysadyýetiň bäsleşiginiň derejesiniň ýokarlanmagyna, onuň açyklygyna, kapitalyň getirilip we çykarylmagyna ýardam edýär. Telekeçilik bütin milli ykdysadyýetiň ösüş strategiýalaryny bazar, bäsleşik arkaly amala aşyrmaklygyna giň ýol açýar.

Telekeçiligiň aýrylmaz şerti bolsa hususy eýeçilikdir. Telekeçiligi ösdürmek üçin başga şertler hem zerurdyr:

  1. Döwletiň ykdysady we durmuş syýasatynyň durnuklylygy;
  2. Amatly salgyt şertleri;
  3. Telekeçiligiň goldawynyň ösen infrastrukturasy;
  4. Intellektual eýeçiligi goraýan netijeli ulgam;
  5. Telekeçiligiň daşary bazarlara erkin çykmaklyk mümkinçiligi.
  6. Telekeçiligiň esasy alamatlary hojalyk subýektleriniň özbaşdaklygy we garaşsyzlygydyr.

Olaryň hereketiniň düýbünde olaryň içki niýetleri ýatyr. Her bir telekeçi bolan adam öz kärhanasynyň meselelerini ykdysady peýda we bazar konýukturasyna esaslanyp özbaşdak çözýär.

Hekimnazar Aýnazarow,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk u niwersitetiniň talyby.

 

 

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabaralary geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň saglyk ulgamy we çaga saglygy

Sagdyn nesil — abadan geljek

Döwletli maslahata barýarys

Halk Maslahaty – agzybirligiň we jebisligiň beýik nusgasy

Döwletli tutumlara badalga

Täze taryhy eýýamyň döwletli maslahaty