JEMGYÝET

Telefonyň ekrany üçin 500 millionlyk maýa goýum

Ykjam telefon önümçiliginiň öňdebaryjylaryndan Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Hindistanda 500 million dollar möçberinde maýa goýum özleşdirip, täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. Bu zawodda akylly telefonlar we beýleki elektron enjamlar üçin ekran öndüriler.

Kompaniýanyň habar bermegine görä, Hindistanyň paýtagty Täze Delide guruljak zawod “Samsung”-yň bu ýurtdaky ilkinji giň gerimli maýa goýum taslamasy däl. “Samsung” kompaniýasy 2018-nji ýylda Hindistanyň Nioda şäherinde 700 million dollar möçberinde maý goýum özleşdiripdi. Bu şäherde gurlan zawod dünýäniň  iň uly telefon önümçilik desgalarynyň birine öwrülipdi.

Kompaniýada Hindistanda maýa goýumlaryny artdyryp, bu ýurtda bazar paýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär. “Samsung” dünýäniň iň uly 2-nji ykjam telefon bazary hasaplanýan Hindistanda iň köp telefon satuwyny amala aşyrýan 2-nji şereketdir. Bu ýerde öňdeligi Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy eýeleýär.

Hindistan dünýäniň iň köp ilatly ikinji ýurdudyr. 1,3 milliard töweregi ilaty bolan Hindistan ykdysady taýdan ýokary depginde ösýän we tehnologiýa babatda hem öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri