BILIM

“TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

STEM bilen gyzyklanýan, 15-17 ýaş aralygyndaky ýaş liderleriň we kämilleşdirilişiň tarapdarlarynyň joşgunly jemgyýetine goşulmak isleýän ähli gyzlary TechGirls maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýarys!

TechGirls, Wirjiniýa tehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda 2025-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda geçiriljek 23 günlük alyş-çalyş maksatnamasydyr. Bu maksatnamanyň gatnaşyjylary interaktiw tehnologiýalar we kompýuter lagerine gatnaşarlar we soňra ABŞ-nyň şäherlerinden birine gidip (Ostin, Çikago, Sinsinati, Denwer, Detroýt ýa-da Sietl) jemgyýetçilik hyzmatlaryna, gysga möhletli tejribe we medeni çärelere gatnaşmak üçin tehnologiýa kärhanalaryna we ýolbaşçy merkezlerine baryp görerler. Şu maksatnama arkaly gatnaşyjylar aşakda sanawy getirilen ugurlardan taze hünärler bilen tanşarlar:

  • Java,
  • Web ösüşi,
  • Gurluşyk we tebigaty guramak usullary,
  • Grafiki dizaýn,
  • Maglumat ylmy,
  • Kiberhowpsuzlyk,
  • Maşyn öwrenmek,
  • Molekulýar modellemek we informatika,
  • Elektrotehnika / Mikroprosessorlar we
  • Python programmirleme

Maksatnamanyň üç hepdelik tapgyryny tamamlanan we Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soňra, gatnaşyjylar öz okuw jaýlarynda 6 aýyň dowamynda iň bolmanda bir bilim taslamasyny geçirmäge we/ýa-da ýerli jemgyýetçilik guramalarynda meýletinçi hökmünde tejribe almaga mümkinçilikleri bolar.

TechGirls barada has giňişleýin maglumat bilen maksatnamanyň web sahypasynda tanşyp bilersiňiz https://techgirlsglobal.org/

Bu maksatnama Döwlet departamenti tarapyndan doly maliýeleşdirilýär şeýle hem içerki we halkara syýahat we wiza çykdajylaryny, syýahatdan öň ediljek harajatlary we maksatnamanyň ABŞ-daky çäreleri bilen baglanyşykly beýleki ähli çykdajylaryny öz içine alýar.

TechGirls maksatnamasynda gatnaşmak üçin gatnaşyjylar:
– maksatnama geçilirýän wagtynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty bolmaly
– alyş-çalyş maksatnamasy başlanda gatnaşyjylar 15-17 ýaş aralygynda bolmaly. Ýagny 2007-nji ýylyň 13-nji iyuldan 2010-njy ýylyň 12-nji iyuly aralygynda doglan bolmaly
– tehnologiýa, ylym, inžinerçilik we / ýa-da matematika bilen gyzyklanmany görkezmeli
– ýokary bilim we / ýa-da STEM, esasanam tehnologiýa pudagynda hünäri dowam etdirmegi meýilleşdirýändiklerini görkezmeli
– iňlis dilini pugta bilmeli
– zehinlik, çeýeligi we aç-açanlygy görkezmeli
– maksatnama tamamlanandan soň jemgyýetçilik taslamalary ýerine ýetirmäge taýýar bolmaly.

Möhüm seneler:

Oktýabr 15, 2024: onlaýn anketalaryň kabul edilşi başlanýar
Dekabr 6, 2024: onlaýn anketalaryň kabul edilişi ýapylýar
Fewral 2025: birinji tapgyrdan saýlanan dalaşgärlere habar berilýär we olar bilen söhbetdeşlik geçirilýär
Mart 2025: ahyrky saýlawdan geçen gatnaşyjylaryň we alternatiw dalaşgärleriň sanawy tassyklanylýar we olara habar berilýär.
Iýul – awgust 2025: maksatnama ABŞ-da geçirilýär

Anketalary tabşyrmagyň möhleti

Iňlis dilinde doldurylan anketalar, 2024-nji ýylyň 6-njy dekabryna çenli tabşyrylmaly. Anketalary şu gşrkezilen salgy boýunça tapyp bilersiňiz Sign In » Legacy International Online Application System (legacyintlleaders.org)

Habarlaşmak üçin

Bu maksatnama barada soraglaryňyz bar bolsa, olary mowzuk setirinde “TechGirls” maksatnamasynyň ady bilen AshgabatEducation@state.gov salgysyna hat üsti bilen iberip bilersiňiz.

 

Mahabat

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy

Türkmen döwlet uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň bütindünýä reýtingine goşuldy

Ýapon gaznasy Halkara nebit we gaz uniwersitetine kitap sowgat etdi

Türkmen okuwçylary XCEL olimpiadasyndan baýrakly dolandylar

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň ilçisi Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine täze kitaplary gowşurdy