Türkmenistan BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologik heläkçilikleriň öňüni almak boýunça dünýä möçberindäki hukuk resminamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky ylalaşyklara ilkinjileriň hatarynda goşuldy. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dünýä nusgalyk işler edildi. Şu günlerde-de ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra, ilkinji gatnaşan çäresi ählihalk bag ekmek dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga bermegi milli Liderimiziň sogaply işleriniň dowamat-dowamdygynyň nyşanydyr.
Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşyna asylly däp bolup ornady. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna 25 million düýp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna 30 million düýp agaç nahalynyň oturdylmagy, täze desgalaryň açylyş dabaralary, ýaş çatynjalaryň nika toýlary, çaganyň dünýä inmegi mynasybetli oturdylýan baglar… Köpçülik bolup oturdylan millionlarça düýp saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen edebiýatynda, aýdym-saz, amaly-haşam sungatynda, döredijiligiň beýleki ugurlarynda tebigat temasy uly orun eýeleýär. Bagy-bossanlyga bürenen ajaýyp şäherimiz Aşgabadyň gözelligini beýan edýän ençeme şygyrlar, aýdymlar, surat we kino eserleri döredildi. Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Ak şäherim Aşgabat» atly goşgusy hem-de adybir kitaby paýtagtymyzyň waspyny ýetirýän we onuň taryhy barada giňişleýin maglumat berýän kämil eserlerdir.
Suratkeşler dürli reňk öwüşginleriniň, şahyrlardyr ýazyjylar täsirli çeperçilik serişdeleriniň kömegi bilen Aşgabady wasp edýärler. Zehinli aýdymçylar bolsa şahyrlaryň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlarynda gözel paýtagtymyza söýgini buýsançly beýan edýärler. Bagy-bossanlyga bürenen Aşgabadyň gözelligi diňe bir ylham çeşmesi bolman, eýsem, durmuşymyzyň abadançylygynyň, şäher ilatynyň medeniýetli ýaşaýşynyň hem möhüm görkezijileriniň biridir. Şu barada aýdylanda, döwlet Baştutanynyň badalga bermegi bilen, her ýylyň ýaz hem güýz möwsümlerinde şäherde we onuň eteklerinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasynyň üstünlikli geçirilýändigini, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň yzygiderli amala aşyrylýandygyny, bu dabaralara dürli ýaşly ildeşlerimiziň agzybirlikde we uly ruhubelentlikde gatnaşýandyklaryny nygtamak gerek. Munuň özi türkmen jemgyýetiniň jebisliginiň, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak meselesine möhüm ähmiýet berilýändiginiň anyk mysallarydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan bu guramanyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň gelip gowuşmagy Türkmenistanyň bu ugurdaky tagallalarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.
