Şu günler paýtagtymyzda medeni syýasatyň durmuşa geçirilmegine, milli ruhy mirasyň giňden wagyz edilmegine hem-de baýlaşdyrylmagyna uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda “Türkmen teatr sungaty” atly festiwaly geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatyndan hem görnüşi ýaly, teatr sungaty halkymyzyň köpasyrlyk medeniýetiniň köklerini özünde jemlemek bilen, jemgyýetimizde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza beýik buýsanjy we ynsanperwerlik duýgusyny terbiýeleýär, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň belent düşünjeleriniň kemala gelmegine ýardam edýär. Sahnalaşdyrylýan eserler bu günki gün bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşaýandygyny, eziz Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşleriň ýoly bilen öňe — beýik geljege barýandygyny alamatlandyrýar, jemgyýetçilik durmuşyna täze öwüşgin çaýýar, belent maksatlara ruhlandyrýar, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Olar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýär. Köpasyrlyk milli medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny açyp görkezýär, türkmen sungatynyň dünýä teatr sungatynyň ösüşindäki ornuny aýdyň kesgitleýär.
“Türkmen teatr sungaty” festiwalynyň geçirilmegi milli medeniýeti kämilleşdirmäge, onuň döredijilik ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir, çünki teatr watançylyk, gözellik we ahlak taýdan terbiýe bermegiň möhüm wezipesini ýerine ýetirýär, halkara medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär.
Diýarymyzyň sahna sungatynyň wekilleriniň duşuşygy tejribe alyşmagy hem göz öňünde tutýar, ol teatrlaryň ýaş artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň, sahna medeniýetiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.
Teatrlaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, sahnalaşdyrylan iri çykyşlary guramaga niýetlenen täze binalaryň gurluşygy dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde drama teatrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny ýatlamak ýerliklidir.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan medeniýet ulgamynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şu ýyl “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda teatrlara “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
Türkmen paýtagtynyň ençeme gezek halkara teatr festiwallarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini aýtmak gerek. Şeýle çäreler dürli halklaryň we ýurtlaryň arasynda döredijilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, teatr sungatynda dünýä täzelikleriniň öwrenilmegine, giňden tejribe alşylmagyna ýardam berýär.
Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy ösen medeniýetiň we sungatyň ojagy hökmünde bellidir. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşdy. Asyrlaryň jümmüşinde eziz Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi we hereketlendiriji güýji bolmak bilen, milli teatr sungatymyzyň, şöhratly Oguz paýhasynyň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetlerine oňyn täsir etmegine giň şertleri döretdi. Şol bir wagtyň özünde goňşy we alys ýurtlaryň halklarynyň medeniýetleri türkmen teatr sungatynyň baýlaşmagyna uly itergi berdi.