DÜNÝÄ

Täze ýylda awtobuslar mugt bolar

Şu gün Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçiren hormatly Prezidentimiz 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlarymyzyň şäher awtobuslaryndan mugt gatnadylmagyny guramak babatda deigşli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz halkymyzyň Täze ýyl baýramçylygy gowy garşylamagy üçin baýramçylyk söwdalaryny guramagy, şeýle hem käbir harytlaryň bahalaryny 50 göterime çenli arzanlatmagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz metbugatda we teleradioýaýlarymda bu çäräni hem-de arzanladylan bahadan satylýan harytlaryň mahabatlandyrylmagynyň hem zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz aýry-aýry kärhanalarda zähmet haklaryny tölemekde bökdençlikleriň bolmazlygyny gözegçilik etmek babatda hem tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň dekabr aýy üçin hasaplanan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň doly tölenendigi barada hasabat berildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli hem Aşgabatda hereket edýän ýolagçy awtobuslaryň tölegsiz hyzmaty hem  ýola goýlupdy.

 

Bazarlarda käbir harytlaryň bahasy 50 göterim arzanladylar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Serhetsiz sungat: Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ukrainadaky Magtymgulynyň ýadygärligi oturdylan seýilgähe interaktiw gezelenç

Bangladeşiň Prezidenti Awazadaky foruma çagyryldy

Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamasyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Günorta Koreýa Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi