“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap , täze bir taslamasyny durmuşa geçirmäge başlady. Bu taslama iňlis dilini öwrenmek isleýänler hem-de esasan hem gepleşik üçin iňlis diliniň gyzykly taraplaryny ele almak isleýänler üçin has gyzykly bolsa gerek.
“Ata Watan Media” topary iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin başlan taslamasynyň çäklerinde “Howa menzilinde iňlis dilinde gepleşik/ Turkmen- English Phrases (Airport) Emeli aň /Makul Sözlük” gepleşigini hödürleýär.
Emeli Aň (Artificial intelligence) ýakyn geljekde biziň durmuşymyzda giňden öz ornuny alar. Biz “Makul Sözlük” taslamamyzda bar bolan jemi 700 sany sözlemi emeli aň ulanmak bilen Size ýetirýäris.
Şonda, siz durmuşyň dürli ugurlarynda size iň köp gerek bolan 700 sözlemi emeli aňyň kömegi bilen gysga wideolar arkaly türkmen we iňlis dilinde öwrenersiňiz.
Emeli aň we “Adobe Premiere Pro” programmalaryny ulanmak bilen ilkinji gezek taýýarlanan gysga sapagy Size ýetirýäris.
www.makulsozluk.com saýtyna girip, siz iňlis dilini öwrenmek üçin döredilen dürli mümkinçiliklerden peýdalanyp bilersiňiz.
Jemi 20 000 müňden gowrak söz, 700-den gowrak sözlemler “Makul Sözlügiň” gorunda bolup, iňlis we türkmen dillerdäki sesli ýazgylar Size garaşýar.
Makul Sözlük jemi 90 müňden gowrak türkmen, iňlis, türk we rus dillerindäki sözleri özünde jemleýär. Oýunlar arkaly iňlis dilini öwrenmek, şeýle hem suratlaryň üsti bilen iňlis dilini öwrenmek üçin hem mümkinçilikler bar. Siz “Makul Sözlügi” “Google Plaý” marketden mugt ýükläp alyp bilersiňiz.
Şeýle hem iňlis dilini öwrenmek isleýänler bu wideo ýazgylarymyzy www.atavatantv.com saýtyndan tomaşa edip, öwrenip bilersiňiz.
