DÜNÝÄ

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Amerika 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalarynyň berilmegini wagtlaýyn togtadýar

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň resmi X (@StateDept) hasabyndan ýaýradylan beýannama görä, Amerika 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalarynyň gaýtadan işlenilmegini wagtlaýyn togtadýar.

Resmi beýannamada bellenilişine görä, bu karar şol ýurtlardan gelen immigrantlaryň amerikan jemgyýetiniň sosial üpjünçilik ulgamyndan kabul ederliksiz derejede peýdalanýandygy sebäpli kabul edildi. ABŞ häkimiýetleri täze immigrantlaryň amerikan halkynyň ykdysady mümkinçiliklerine zyýan ýetirmezligine doly ynam döredilýänçä, bu çäklendirmäniň güýjünde galjakdygyny mälim edýär.

Beýanatda şeýle hem, wiza işleriniň togtadylmagynyň näçe wagt dowam etjekdigi barada anyk senäniň görkezilmeýändigi, ýagny çäklendirmäniň häzirki wagtda wagtlaýyn, emma açyk gutarýan möhleti bolmazdan girizilendigi nygtalýar.

Öň metbugatda ýaýran maglumatlara görä, bu çäklendirmäniň 21-nji ýanwardan güýje girmegi mümkin diýlip çaklanylýar. Şeýle-de, metbugat habarlarynda bu sanawda Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan we Gyrgyzstan ýaly ýurtlaryň hem ady agzalýar. Emma ýurtlaryň doly we resmi sanawy häzire çenli ABŞ-nyň resmi döwlet edaralary tarapyndan çap edilmedi.

Käbir ýurtlar üçin öň bar bolan immigrasiýa wiza gadagançylygy aradan aýrylýarmy?

Bellemeli zat: öň immigrasiýa wizasy boýunça gadagançylyk girizilen ýurtlaryň käbirleri bu täze sanawda bar, käbirleri bolsa ýok. Bu ýagdaý bolsa, öň immigrasiýa wizasy boýunça gadagançylyk girizilen käbir ýurtlar üçin şeýle gadagançylygyň aradan aýrylýarmyka? diýen soragy ýüze çykarýar.

Bu soragyň anyk jogaby diňe degişli kanunçylyk namasy resmi taýdan çap edilenden soň belli bolar.

Atavatan Media hökmünde, bu mesele boýunça resmi taýdan tassyklanan ýurt sanawy ýa-da goşmaça maglumatlar çap edilen ýagdaýynda, ony dessine okyjylarymyza ýetireris.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça deňagramly çözgütleri işläp düzmäge ygrarly