SPORT

Taýson ringe dolanýar

Sportuň boks görnüşi boýunça ussatlyk derejä ýeten Maýk Taýson 15 ýyl soňra ringlere gaýtadan gaýdyp gelýär. 54 ýaşyndaky amerikan boksçysy Maýk Taýson şu ýylyň sentýabr aýynyň 12-sine 51 ýaşyndaky boksçy Roý Jons bilen duşuşyk geçirer.

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda geçiriljek duşuşyk 8 raunddan ybarat bolar. Amerikaly meşhur boksçy öz kariýerasynda iň soňky gezek 2005-nji ýylda Kewin Mak Braýd bilen duşuşypdy.

Bu duşuşyga boks janköýerleri sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Maýk Taýson 1966-njy ýylda doglan. Ol 1985-2005-nji ýyllar aralygy boks äleminde üstünlikli çykyş edip, uly üstünliklere ýeten türgenleriň sanawynda ilkinjileriň hatarynda tanalýar. Ol öz kariýerasynda 58 gezek duşuşyga gatnaşyp, 50 gezek ýeňiş gazanmagy başardy.

 

 

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler