BILIM

Talyp-2023: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTY 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hü-närler: binagärlik we gurluşyk işlerinde raýat goranyşyny meýilleşdirmek; ýol gurluşygy iş-lerinde raýat goranyşy).

2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: himiýa sena-gatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Binagärlik (hünärler: binagärlik; şähergurl u-şyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek; binagärlik gurşawynyň dizaýny).

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehno I ogiýa I ary (hü-närl er: senagat we raýat jaý gurluşygy; ýylylyk, gaz üpjünçiligi we howa çalşygy; suw üpjünçili-gi, ulanylan suwlary akdyryş we suw gorlaryny goramak; awtomobil ýollarynyň we uçuş meý-dançalarynyň gurluşygy; gurluşyk materiallary-ny, önümlerini we konstruksiýalaryny öndürmek; köprüler we ulag tunnelleri; şäher gurluşygy; amaly geodeziýa).

3. Elektrik we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirili-şi hem-de awtomatikasy).

4. Maşyngurl uşyk (hünärler: önümçiligiň we teh-nologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy; gö-teriji-äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamla-ry; himiýa önümçiliginiň we gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary).

5. Himiýa tehnologiýalary (hünärler: organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy; eremesi kyn me-tal däl we si l ikat materiallarynyň himiki tehnologi-ýasy; aýnanyň we sitallaryň himiki tehnologiýasy).

6. Materiallaryň tehnologiýalary (hünär: metalla-ry basyş bilen işläp taýýarlamak).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugry: kartog-rafiýa we geoinformatika (senagat pudagynda).

2. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (taý-ýarlygyň ugry: gozgalmaýan emläkleriň eksper-tizasy we dolandyrylyşy (senagat pudagynda).

3. Informatika we hasap laýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: mag l umat we kommunikasiýa tehnologi-ýalary (senagat pudagynda); maglumat ulgaml ary we tehnologiýalary (senagat pudagynda); komp-ýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; mag l u-mat-ölçeýiş tehnikasy we tehnologiýasy).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygy).

5. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgam-lary (taýýarlygyň ugurlary: mikroelektronika we ýa-rymgeçirijili abzallar; senagat elektronikasy).

6. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: hi-miýa tehnologiýasy (senagat pudagynda).

7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugur-lary: önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (se-nagat pudagynda); kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy (senagat pudagynda); logis-tika (senagat pudagynda).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bi l imden pes bolmadyk binýatda bi l imi bol an, ýaşy 35-den geçmedik raýatl ary, binagärlik we gurl uşyk işlerinde raýat go-ranyşyny meýilleşdirmek, ýol gurluşygy işlerinde raýat goranyşy hem-de himiýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy hünärlerine — çagyryş boýunça harby gul l ugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatl ary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrl iginiň ýörite leşdiri len harby mekdep lerini tamam l an 25 ýaşy dolýança erkek raýatl ary, şeýl e hem borçnama boýunça harby gul l ugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýa-şy dolýança erkek harby gul l ukçylary giriş synag l arynyň netije leri boýunça bäs leşik esasynda kabul edilýär.

Binagärlik we gurl uşyk işl erinde raýat goranyşyny meýil l eşdirmek, ýol gurl uşygy iş lerinde raýat gorany-şy hem-de himiýa senagatynda we ulany lyşynda raýat goranyşy hünärl erine okuwa kabul etmekl igiň şertleri Türkmenistanyň Goranmak ministrl iginiň «Türkmen döw l et binagärl ik-gurl uşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetine okuwa kabul etmegiň Tertibine» laýyklykda amala aşyrylýar. Bu Tertip bi l en tanyşmak üçin da laş-gärl er Türkmen döw l et binagärl ik-gurl uşyk institutynyň kabul ediş toparyna ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça har-by wekil l ikl erine ýüz l enip bilerl er.
Resmi iş kagyzlary (töleg l i esasda okadyljak hünär-lere we taýýarlygyň ugurl aryna resminama l ary tabşyrýan-lar üçin) welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýu ly ara lygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel leni len nusgada rektoryň adyna ýazy lan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Sag lygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgada-ky sag lyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyk-lanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylary-nyň döwlet bäsleşiginiň ýeňij ileri, halkara bäsleşik-lere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resmi-namanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir-ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlik-de, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakda-kylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazy lyş şaha-datnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekil-likden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edil-mek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýl eki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berl en mag l umatlar we galp resmi iş ka-gyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek insti-tutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 5-i we 7-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 4-i, 6-sy we 8-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 12-si we 14-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 17-si we 18-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýun-ça geçirilýär:

binagärlik ugruna degişli hünärler boýunça — su-rat we grafika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary; elektrik we ýylylyk energetikasy; maşyngurluşyk; materiallaryň tehnologiýalary ugurlary-na degişli hünärler, informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat howpsuzlygy, ýeri öwre-niş ylymlary; gurluşygyň tehnikasy we tehno-logiýalary; elektronika, radiotehnika we aragat-naşyk ulgamlary; ykdysadyýet we dolandyryş ugurlaryna degişli taýýarlygyň ugurlary boýunça — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

himiýa tehnologiýalary ugruna degişli hünärler we taýýarlygyň ugurlary boýunça — himiýa, mate-matika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkme-nistanyň orta mekdep l eriniň okuw maksatnamalary-nyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet di-linde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglary tab-şyryp bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýyn-da, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bi l im hakynda» Türkmenis-tanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän da l aşgärler peýda l anýarlar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Berkararlyk etr., Baba Annanow köçesi, 136, tel.: 28-18-86, 28-18-04.

 

 

MAHABAT

Daşary ýurtda bilim almak  üçin resminamalaryň terjimesinde “Makul Hyzmat” Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Telefon belgileri:

+993 63 78 96 73 / +993 12 96 48 55

e-poçta salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Web: www.makulhyzmat.com

Poçta salgysy: Aşgabat şäheri Ankara köçesi (Aýtakow-Ýubileýni) A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 401

 

“ATAVATAN DANIŞMANIIK” HEM MASLAHATÇYŇYZ HEM-DE TERJIMEÇIŇIZ BOLAR

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd” şereketi talyplara diňe bir maslahat bermek hyzmaty bilen çäklenmän, eýsem terjime hyzmatyny hem hödürlýär.

“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatantranslation@gmail.com

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52  ýa-da  +90 530 251 36 73

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar