TEHNOLOGIÝA

Şwesiýada elektron pul birligi synag edilýär

Ýewropanyň öňdebaryjy ýurtlaryndan Şwesiýada elektron hyzmatlar has giň gerimde ösdürilýär. Ähli ugurlarda häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Häzir bolsa, ýurduň milli pul birligini elektron görnüşde ulanyşa bermek babatda synag işleri geçirilýär. “Elektron krony” atly taslama Şwesiýanyň banky tarapyndan amala aşyrylýar.

Bu taslamanyň synag işleri üstünlikli tamamlanan halatynda tölegleriň köp görnüşiniň “elektron krony” arkaly amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu babatda howpsuzlyk talaplary hem göz öňünde tutulýar.

Synag döwründe ulanyjylaryň “elektron krony” elektron gapjykda saklap bilmegi, ony mobil goşundylar arkaly ulanmagy üçin degişli çözgütler kabul edilýär. Bu synag işleri 2021-nji ýylyň fewralyna çenli dowam eder.

Häzirki wagtda Şwesiýa kagyz pullaryny iň az derejede ulanýan öňdebaryjy ýurtlaryň biridir.

Ýene-de okaň

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler