SPORT

Suwda ýüzmek: halkara ýaryşdan 7 medal

Türkmenistanly suwda ýüzüjiler 12 ― 17-nji aprel aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen Özbegistanyň açyk çempionatynda medallaryň 7-sini gazandylar.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň berýän habarlaryna görä, bu ýaryşa 160 türgen gatnaşdy. Şolaryň 21-sinden galany ýerli türgenlerdir. Galan 21 suwda ýüzüji bolsa Türkmenistana, Owganystana we Hindistana wekilçilik etdi.

Ýaryşda biziň ildeşlerimizden Merdan Ataýew 200 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça altyn, edil şeýle görnüşde 100 we 50 metr aralyga ýüzmekde bolsa kümüş medallaryň ikisini gazandy.

Heniz 14 ýaşyndaka (2016-njy ýylda) Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan başga bir ildeşimiz Darýa Semýonowa hem medallaryň ikisine mynasyp boldy. Has takygy, 200 metr aralyga ýüzmekde altyn medal gazanan ildeşimiz brass boýunça 100 metr aralyga geçirilen ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy.

Üçünji bir ildeşimiz Musa Jalaýew hem iki medal gazandy. Olaryň ikisi hem bürünç medaldyr.

Ýeri gelende aýtsak, ýaryşda gazanylan netijeler biziň türgenlerimiziň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini artdyrdy.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/yerli-yolagcy-howa-gatnawlaryn-tertibi/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri