Ýewropanyň futbol bileleşikleriň guramasy hasaplanýan UEFA Ýewropanyň çäklerinde 12 toparyň gatnaşmagynda döredilmegi göz öňünde tutulan Super Liga gatnaşyjy toparlary jerime salmak babatda karar kabul etdi. Bu babatda UEFA-nyň geçiren mejlisinde degişli kararlar alyndy.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň 12 topary Superliga diýen at bilen öz ligasyny döretmegi meýilleşdirdi. Ýöne bu taslama başa barmady. 9 topar bu taslamadna çekildi. Taslamadan çekilen toparlar: «Arsenal», «Milan», «Çelsi», «Atletiko», «Inter», «Liwerpul», «Mançester Siti», «Mançester Ýunaýted» we «Tottenhem» toparlarydyr. Olar bu taslamany döretmek babatda ýalňyşlyk goýberendikleri üçin janköýerlerden ötünç soradylar.
UEFA tarapyndan berlen jerimeleriň çäklerinde her topar Ýewropanyň çäklerinde futbolyň ösdürilmegi üçin göz öňünde tutulan haýyr-sahawat gaznasyna 15 million ýewro möçberinde pul serişdelerini geçirerler. Şeýle hem toparlar bir möwsümde UEFA klub ýaryşlaryna gatnaşmakdan alnan girdejiniň 5% öwezini dolmak üçin gaýtaryp bermegi wada berdiler.
Şeýle hem toparlar şuňa meňzeş ýaryşa gatnaşsa 100 million ýewro, borçnamalary bozsa 50 million ýewro tölär.
Superliga taslamasyndan çykmadyk “Real Madrid”, “Barselona” hem-de “Ýuwentus” toparlary üçin goşmaça kararlar alarlar.