SIZDEN GELENLER

Sport türgenlerini geýindiren “ADI DASSLER” nädip başardy?

Adolf Dassler 1900-nji ýylyň  3-nji noýabrynda Germaniýanyň Bawariýa welaýatynda garyp maşgalada dogulýar. Maşgala ýagdaýy pesdi. Kakasy aýakgap öndürýän fabrigiň ýönekeý işçisidi. Şol sebäpli kakasy ogluny okuwa goýberip bilmedi. Şol sebäpli Dassler kakasynyň ýanynda aýakgap ussahanasynda kömekçi bolup işleýärdi.

Dostlary ony gysgaça “Adi” diýip çagyrýardylar. Dassler aýakgap ussahanasynda işleýän wagty öz işini gowy bilýärdi, öz käriniň ussadydy. Şeýlelik-de, günleriň birinde işleýän ýerinde arakesme wagty, ýagny günortanlyk naharyndan soň her günki dynç almaga barýan bagynyň kölegesinde otyrdy. Edil şol wagt hem garşysyndaky baýyrlyk ýerlerde sygyrlar we geçiler otlap ýördi. Olaryň aýaklary Dassleri özüne çekipdi. “Käşgä meniň hem aýaklarym şolaryňky ýaly bolsady. Köwüş geýmek hem gerek bolmazdy”, diýip içini gepletdi. Ine, näme bolsa hem şol wagt, şol ýerde boldy. Ädimini öňe atyp yza çekende, aýagyny çalaja ýokaryk galdyranda haýwanlaryň dabanlaryna syn etdi. Bu ýagdaý oňa bir zatlary ýatlatdy. Emma, şol wagt arakesme wagty gutaransoň, bu pikrini soňa goýdy.

Şeýlelikde, Adi Dassler garaşylmadyk ýagdaýda täsin bir pikiri ele alýar. Iş gutarandan soň, ilkinji gitjek ýeri haýwanlaryň otlaýan ýerlerine barmak boldy. Sygyrlaryň we geçileriň aýaklarynyň aşagyna seredeninde, aýaklarynyň öň uçlaryny yza çekende, dabanynyň tebigy ýagdaýda işjeň herekete gelýändigini görýär. Hat-da bu işjeň hereketlenme itlerde hem bardy.

Adi Dassler şol wagt 28 ýaşynyň içindedi. Elinde az-owlak ýygnan puly bardy. Şeýlelikde, Adi dogany Rudolf bilen maslahatlaşdy. Rudolf Adiniň pikirini goldady. Olar özleri üçin iň gowy karar kabul etdiler. Haýal etmän taslamany işläp başladylar. Düzen taslamalary hakda hiç kime aýtmadylar. Öýleriniň bir gapdalynda gerek bolan gurluşyk harytlaryny ýygnap goýdylar.

Şeýlelikde, 1928-nji ýylda “Adidas” we “Puma” markalary döreýär. Dogany Rudolf bilen bilelikde sport aýakgaplaryny öndürip başladylar. Bu sport aýakgaplary Olimpiýa we sport dünýäsinde uly orny eýeledi. Tiz wagtyň içinde Adi Dassler uly ösüşlere eýe boldy.

20 ýyldan soňra Adi bilen Rudolf bir dawa zerarly aýratynlykda işläp başladylar. Rudolf  «PUMA» atly özüne aýratyn şereket açdy. Adi Dassler hem “ADIDAS” önümlerini öndürmäge başlady. Önümiň emblemasy üçin üç çyzygy ulandy. Emma, näme üçin üç çyzygy ulanandygy belli däldi. Köp adamlar bu üç çyzyk “trinity” manysyny aňladýar, ýagny üçleýin birleşme diýip pikir edýärler.

“ADIDAS” we “Sport aýakgaby” sözleri 1950-nji ýylda döredi. Ilkibaşlarda aşagy dişli diýlip belli bolan aýakgaplary wagtyň geçmegi bilen sport aýakgaplary diýip atlandyryp başladylar. Adi Dassler soňky ýyllarda Germaniýanyň futbol toparyna hemaýatkärlik etmek bilen birlikde olary “Adidas” sport aýakgaplary bilen üpjün etdi. Bu aýakgaplar ykjamlygy we dişleriniň berkligi bilen dünýäde şol birinjiligini saklap durdy.

Sport aýakgaplaryny öndürmekde meşhurlyga ýeten Adi Dassler Ketty atly gyza öýlenýär. Beýleki önümlerden üç çyzykly emblemasy bilen tapawutlanýan “Adidas” önümleri reklama ulgamynda hem uly meşhurlyga eýe bolýar. 1950-nji ýylda telewizoryň köpelmegi esasynda “Adidas” şereketi has-da tanalyp başlanýar. Adi elmydama sport  türgenleri bilen maslahatlaşyp, olaryň isleglerini diňleýärdi. Adiniň aýaly hem bu şereketde işleýärdi. Olaryň bäş sany çagasy bolupdyr.

Futbol dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup başlady. Federal futbol ligalarynyň başlamagy bilen futbol topuny öndürip başlan Adi Dassler hem bu ugurda hem uly üstünlikler gazandy.

Adi Dassler geýim-gejim önümlerini öndürmäge hem başlady. “Adidas” dünýäde ilkinji bolup üç çyzyk markaly eşikleri öndürdi. Adi Dassler aşagy dişli sport aýakgaplaryny, “Adidas” markaly toplary, “Adidas” markaly eşikleri satdy we meşhur boldy. Öndüren önümleri arkaly milliardlarça dollar gazanan bu adam 75 ýaşyna çenli adamlaryň uly söýgüsini gazanmagy başardy.

“Sport türgenlerini geýindiren üç çyzykly adam” diýlip tanalan, çagalygyny garyplykda geçiren bu adam 78 ýaşynda aradan çykdy. “Meni doglan ýerime jaýlaň!” diýip, wesýet edip giden päk ýürekli Adi Dassleriň hiç kimiň habary bolmazdan 500 sany okuwça yzygiderli pul kömeklerini berendigi, garyp adamlar üçin ýüzlerçe öýleri gurdurandygy aýdylýar.

 

Taýýarlan: Myrat Garýagdyýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika