SPORT

Sport taryhynyň iň gymmat şertnamasyna gol çekildi

Ýaponiýaly türgen Seheý Ohtani Beýsbol baş ligasynyň “Los-Anželes Dožers” topary bilen şertnama baglaşdy. Bu barada ýapon beýsbolçy öz jemgyýetçilik torundan habar berdi. Ohtani bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti 10 ýyl.

Şol döwürde ýapon türgeni 700 million dollar gazanar. Bu şertnama dünýä sportunyň taryhyndaky iň gymmat ylalaşyk hökmünde hasaba alyndy.

Mundan ozal, 2020-nji ýylyň iýulynda amerikan futbolynda “Kanzas-Siti” toparynyň  türgeni Patrik Mahoums bilen 503 million dollar möçberinde 10 ýyllyk şertnama baglaşylypdy.

29 ýaşyndaky ýapon türgeni Ohtani mundan ozal, “Los-Anželes Eýnžels” toparynda çykyş edipdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi