SIZDEN GELENLER

Söz ussadynyň beýany

GYMMATBAHA DAŞLARYŇ BIRI

Magtymguly Türkmeniň poeziýasy gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.

Magtymguly Jemşidiň jamydyr.

Ý. E. Bertels

***

TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ PARLAK ÝYLDYZY

Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň iň parlak ýyldyzlarynyň biridir. Magtymguly türkmen edebi diliniň iň beýik ussadydyr. Şygyr diliniň we şygyr formasynyň  sadalygy, halk diline ýakynlygy, okyjylar köpçüligine düşnükli bolmagy Magtymgulynyň ady bilen baglydyr.

  1. Dadaşzade

***

TÄSIRLI SÖZLER

Magtymguly gylyjy söz bilen deňeşdiripdir. Ol müňlerçe we müňlerçe gezek mamladyr: onuň  täsirli sözleri asyrlar boýy saklanyp galdy. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen, beýik ukrain şahyry Taras Şewçenkonyň döredijiligi bilen hakly deňeşdirip bilerin.

  1. Draç

***

AJAÝYP EDEBIÝAT

Türkmenleriň klassyky edebiýaty Gündogaryň beýik edebiýatynyň pudagydyr. Bu ajaýyp edebiýatda diňe Magtymgulynyň adyny tutmaklyk-da ýeterlikdir.

Ý. Oleşa

***

TÜRKMEN  KOWUMYNYŇ TARYHY

Magtymgulynyň diwany türkmen kowumynyň  jemgyýetçilik ýagdaýydyr we taryhydyr.

Ahmet Alemi

***

ŞATLYK WE YLHAM ÇEŞMESI

Türkmen halkynyň  genial oglunyň eserlerini terjime etmek maňa şahyr hökmünde uly döredijilik şatlygyny berdi. Sebäbi hakyky hudožnik bilen gatnaşykda bolmak şatlygyň we ylhamlanmagyň çesmesidir.

  1. Aminzade

***

AÝDYŇ AKYL, ÝITI NAZAR

Magtymgulynyň döredijiliginiň belentligi onuň aýdyň akylynyň, laçynyňky ýaly ýiti nazarynyň halk durmuşyna çuňňur aralaşmagyndadyr.

Ş. Beýşenalyýew

***

PIKIRDEŞLER

Watanyň ykbaly hakynda çyn ýürekden ejir çekmekde türkmen klassygy Magtymguly beýik wenger şahyry Şandor Petefä örän  ýakyndyr, ol hem azatlyga we hakykata çagyrypdyr. Olary aýyrýan  taryhy menzile garamazdan, iki halkyň genilerini  pikirdeşler diýip jedelsiz atlandyrmak bolar.

Dýarfoş Endre

***

ŞAHYRANA GÜÝÇ BILEN

Doganlyk türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymgulyny iň gumanistik ideýalary uly şahyrana güýç bilen halkyň göwnüne ornaşdyryp bilenligi üçin söýýärin.

I .Ishak

***

DÜNÝÄ POEZIÝASYNYŇ ELBURSY

Biziň halklarymyzyň däbi boýunça iň belent zatlar Elburs dagy bilen deňeşdirilýär. Men Magtymgulyny we onuň poeziýasyny-da  şol belent dag bilen deňeşdiresim gelýär. Magtymgulyny biz diňe türkmen poeziýasynyň däl-de, eýsem, dünýä poeziýasynyň-da Elbursy hasaplaýarys.

  1. K. Kulyýew

***

MAGTYMGULYNYŇ DÜNÝÄ OKYJYSY

Bu gün Magtymgulynyň şygyrlary dünýä halklarynyň  pähim baýlygynyň hazynasyna ymykly goşuldy. Sebäbi dünýä okyjysy olardan diňe türkmen durmuşyny däl, eýsem, öz durmuşyny-da görüp bilýär.

  1. K. Kurambaýew

***

IÇGINLIK

Magtymgulynyň şahsyýetini, durmuşyny içgin seljerenimizde, ol biziň göz öňümizde mugallymyň, filosofyň, demokratyň, gumanistiň, akyldaryň we keramatly adamyň keşbinde peýda bolýar.

Muhammed  Ansrullah

***

MUSULMAN ÄLEMINIŇ AKYLDARY

Ylahy yşky wasp ediji beýik türkmen  aryfy we şahyry Magtymguly Pyragy külli musulman  äleminiň akyldarydyr.

Mehmet Ýuwa

***

ÖWRENERE ZAT KÖP

Men henize çenli şeýle özboluşly we özüniň döredijiligi bilen şeýle geň häsiýetli, şygyrlary çuň manyly şahyra az duşupdym…. Magtymgulynyň  döredijiliginde öwrenere zat köp.

Prof. Nowiçenko

***

ONUŇ ADYNY HEMMELER BILÝÄR

Bizde – Garagalpagystanda ajaýyp türkmen şahyrynyň adyny ýa goşgularyny  bilmeýän  ne garrydan, ne ýaşdan ýekeje adamam ýok.

  1. M. Nurmuhammedow

***

KÜLLI  TÜRKMENIŇ HALYPASY

Gökleň urugynyň gerkez  tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr.

  1. A. N. Samoýlowiç

***

GYZYKLY TEMA

Magtymgulynyň şygyrlarynda söýgi temasy has gyzyklydyr. Onuň bu goşgularynda şahyryň çuňňur söýgi duýgusyny, giň dünýägaraýşyny we söz baýlygyny görmek bolýar.

  1. A. Sogomonýan

***

 

BEÝIK SÖZ ÝOK BOLMAÝAR

Magtymguly halk poeziýasynyň fakelini belent tutdy. Fanatikler we nadanlar onuň golýazmasynyň köp sanlysyny ýok etdiler. Emma olar diňe kagyzy ýakdylar – beýik sözi ýok edip bolmaýar.

Nabi Hazri

 

 

 

Taýýarlan Laçyn Gylyjowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty