SIZDEN GELENLER

Söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada habar berildi. Bu buýsandyryjy waka Türkmenistanyň dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ösdürilýän hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi bolup durvar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň ýokarda agzalan komissiýasyna agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli daşary syýasata berilýän ýokary baha bolup, halkara söwdany hukuk taýdan kadalaşdyrmak babatynda bilelikdäki çözgütleriň kabul edilmegine gös-göni gatnaşmak, bu ugurda dürli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmek üçin şertleri döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny artdyrmak bilen bagly öňde duran beýik işleri durmuşa geçirmekde daşary syýasat ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň geljekde ileri tutulýan ugurlaryny anyk kesgitlemek bilen, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de işjeňleşdirmäge esasy orun beriljekdigini nygtady.

Türkmenistan özüniň daşary ykdysady syýasatynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Durmuş-ykdysady çygyrda amala aşyrylýan halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde şeýle gatnaşyklaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň köp sanly ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýar.

Söwda halk hojalyk toplumynyň okgunly ösýän ulgamlarynyň biridir. Ol milli ykdysadyýetde özgertmeleri, bazar gatnaşyklaryna geçiş şertlerinde onuň aýratynlyklaryny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşyk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mähri Begçäyewa, 
       S.A.Nyýzazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
     uniwersitetinin mugallymy.

 

 

Dokma pudagynyň üstünlikleri

 

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri