MEDENIÝET

Soltan Abdülhamidiň suratlar ýygyndysy sanly ulgamda

Stambul uniwersiteti seýrek duş gelýän kitaplaryň saklanýan kitaphanasyndaky XIX asyryň 2-nji iň uly wizual ýygyndysy Soltan Abdülhamid Hanyň “Ýyldyz surat” ýygyndysyny sanly ulgamda hödürledi.

Abdülhamid Hanyň bu surat ýygyndysy Osman imperiýasynyň ösen derejesini açyp görkezmek bilen şol döwrüň ýagdaýyny suratlandyrmaga mümkinçilik berer.

Bu babatda iş alyp barýan bilermenler şeýle beýanat bilen çykyş etdiler: “Abdülhamidiň bu ýygyndysy gaty üýtgeşik we uly göwrümli taslama. 918 albomda 36 müň 585 surat bar. Käbir ýygyndylar Angliýanyň we Waşingtonyň muzeýlerine iberilipdir”.

Suratlaryň köpüsi şäherler, adalar, galalar, köprüler, polisiýa merkezleri, suw çüwdürimleri, metjitler, ybadathanalar, mekdepler, hassahanalar, Osman imperiýasynyň köşkleri, şäher panoramalary, sport sergileri, dabaralar, daşary ýurtly ýolbaşçylaryň Stambula we beýleki ýerlere saparlaryny öz içine alýar.

Ýene-de okaň

«Mukam» skripkaçylar toparynyň Hytaýdaky üstünligi

Türkmenistan Koreýa Respublikasynda halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň teatr işgärleri Russiýada tejribe alyş okuw hepdeligine gatnaşdy

Türkmenistanly ýaş şahyrlar TÜRKSOÝ-yň baýragyna mynasyp boldy

Türkmen döwlet neşirýat gullugy üçin täze tehnikalar satyn alnar

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri