BIZNES

SOCAR ýurdymyzda alnyp barylýan işlere üstünlik arzuw edýär

Aşgabat şäherinde  geçirilen    “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahaty mynasybetli sergä gatnaşan “SOCAR” şereketiniň uly inŽeneri Emin Alikberow şeýle diýdi:

 

– Bu kompaniýa Azerbeýjan respublikasynyň döwlet şereketi bolup, 1923-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Biz bu kompaniýada nebite degişli ähli işleri alyp barýarys. “Sokar” şereketi birnäçe ýyl mundan öň Türkiýede 5 milliard amerikan dollaryna  golaý maýa goýum goýdy. Biz Türkmenistanda eýýäm 5-nji gezek şeýle sergä gatnaşýarys. Biziň şeýle sergilere gatnaşmakdaky maksadymyz öz kompaniýamyzy daşary ýurtlarda ösdürmek we tanatmakdan ybarat bolup durýar. Şu pursatdan peýdalanyp, Siziň ýurdyňyzda alnyp barylýan işlerinde üstünlik arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy