DÜNÝÄ

Si Szinpiniň Gazagystana we Täjigistana döwlet sapary başlandy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça bu ýurtlara döwlet sapary başlandy. Si Szinpin bu saparlarynyň ilkinji hökmünde Gazagystan Respublikasyna geldi.

Astana şäherindäki howa menzilinde Si Szinpini Prezident Kasym-Žomart Tokaýew garşy aldy. Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde resmi myhmanlary ellerinde iki ýurduň baýdaklary bolan çagalar garşy aldylar we olar hytaý dilinde aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Si Szinpiniň bu saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklar we birnäçe möhüm resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem HHR-iň Başlygy 4-nji iýulda Astana şäherinde geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisine gatnaşar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Gazagystan saparyny tamamlandan soňra Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolar.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi