JEMGYÝET

Si Szinpin: Hytaý Türkmenistanyň ygtybarly dosty we hyzmatdaşy

Şu gün «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Pekinde iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygy boldy.

Hytaýyň “Sinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, HHR-iň Başlygy Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri bilen geçiren duşuşygynda Hytaýyň Türkmenistanyň ygtybarly dosty hem-de hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.

Hytaýyň Baştutany Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny belläp, munuň iki ýurduň hem-de iki halkyň bähbitlerine hyzmat etjekdigini belläp geçdi.

Hytaýyň Türkmenistan bilen durnukly hem-de uzakmöhletleýin esasda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrunda işleşmäge taýýardygyny bellän Si Szinpin hem Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň arasyndaky arabaglanyşygy has-da güýçlendirmek ugrunda tagalla ediljekdigini aýtdy.

Şeýle hem ol ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini artdyrmak, lukmançylyk, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, gysga wagtda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasy» döretmek babatda iş alyp barmagyň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpiniň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň açylyş dabarasynda eden maksatnamalaýyn çykyşynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitländigini aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy her iki ýurduň ykdysadyýet we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, şeýle hem köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda “Merkezi Aziýa-Hytaý” mehanizminiň çäklerinde gatnaşyklaryň ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny belläp geçdi.

«Lu Ban ussahanasy» Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen ýurduň Týanzin bilim edarasynda 2016-njy ýyldan bäri hereket edýän hünär bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäginde «Lu Ban ussahanasynyň» ýöriteleşdirilen okuw merkezleri döredilýär, onda ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar we olara zerur bolan hünär endikleri berilýär. Häzirki wagtda Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 21 ýurdunda şeýle okuw merkezleriniň 30-a golaýy döredilip, üstünlikli hereket edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri

Lebap we Mary welaýatlaryna täze häkim bellendi

Mämmmethan Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlary zähmet ýeňşi bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Belarus Awazadaky foruma uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Burundi we Çadyň ministrleri bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

Ata Watan Eserleri