JEMGYÝET

Saýlaw-2022: ýene-de 2 dalaşgär bellige alyndy

2022-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň  gün tertibine laýyklykda,  2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç we Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Mejlisiň dowamynda dalaşgärlere Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy degişli  şahsyýetnamany  gowşurdy.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy, agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

Mundan ozal, Türkmenistanyň  Demokratik partiýasy tarapyndan hödürlenen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň  Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow bellige alyndy.

Şeýlelikde, häzirki wagtda 4 dalaşgär bellige alyndy.

 

Saýlaw-2022: Ahal we Mary welaýatynyň teklipçi toparlary dalaşgärleri hödürledi

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy