JEMGYÝET

Saýlaw-2022: Aşgabatdan we Daşoguzdan dalaşgärler hödürlendi

Şu gün 12-nji martda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin ýurdumyzyň teklipçi toparlary tarapyndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Şol ýygnaklar paýtagtymyz Aşgabatda we Daşoguz welaýatynda geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrabynyň komitetiniň  başlygy Maksat Ödeşow Türkmenistanyň Prezident wezipesine dalaşgär hödürlendi.

Maksat Ödeşow 2000-nji ýylda Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlap, Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Elektrik-aragatnaşyk kärhanasyna operator wezipesinde zähmet ýoluna başlady. 2002-2008-nji ýyllar aralygynda Ödeşow bu etrabyň häkimliginde dürli wezipelerde işledi.

2008-nji ýylyň dekabr aýyndan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň sekretaryna saýlandy. 2013-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli bu komitetiň başlygy we dalaşgär Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyryşynyň deputaty boldy.

Aşgabat şäheriniň teklipçi topary bolsa, Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew Türkmenistanyň Prezident wezipesine dalaşgär hökmünde hödürledi.

Nunnaýew Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk mekdebini tamamlap, harby gullukdan soňra 1997-nji ýylda zähmet ýoluna başlady. Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutyna girmezden öň ol saglygy goraýyş ulgamynyň dürli edaralarynda işledi. 2003-nji ýylda ýokary okuw mekdebi tamamlap, Ahal welaýatynyň Tejen etrap hassahanasynda lukman hünäri boýunça işledi. 2005-2014-nji ýyllarda Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynda mugallym boldy. 2001-nji ýylda bu kafedranyň müdiri boldy. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesine bellenildi.

 

Saýlaw-2022: Senagatçylar we telekeçiler partiýasy dalaşgärini hödürledi

 

Ýene-de okaň

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar