SPORT

Saýlama tapgyryň duşuşyklary yza süýşürildi

2022-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän FIFA dünýä kubogynyň Afrika saýlama tapgyrynyň oýunlary koronawirus epidemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla süýşürildi. Afrika Futbol Konfederasiýasynyň habar bermegine görä, oktýabr aýynda başlamagyna garaşylýan saýlama tapgyrlaryň yza süýşürilendigini mälim edildi.

40 sany futbol toparynyň özara bäsleşjek bu saýlama tapgyrynyň oýunlary indiki ýylyň 31-nji maýda başlap, 12-nji oktýabrynda tamamlanar. “Play off”-lar  bolsa 2021-nji ýylyň 8-16-njy noýabry aralygynda oýnalar.

2021-nji ýylyň Afrikanyň kubogy ugryndaky duşuşyklar şu ýylyň 9-njy noýabrynda başlap, 2021-nji ýylyň 30-njy martynda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler