ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ykdysadyýetde “bulut” tehnologiýasyndan peýdalanmagyñ ähmiýeti 

Ykdysadyýet örän çylşyrymly we hemme zady öz içine alýan mehanizm bolup, jemgyýetdäki ynsanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen aýrylmaz baglydyr. Sanly tehnologiýalaryň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagy ynsanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň hiliniň gowulanmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki zaman sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi bolan «Bulut» tehnologiýasy (hasaplamalary) maglumatlary işläp taýýarlamagyň, saklamagyň kämil tehnologiýasy bolup, onda ulanyjylara kompýuter resurslary we kuwwatlylyklary Internet – serwisleri hökmünde hödürlenilýär.
«Bulut» tehnologiýasy näme?
«Bulut» tehnologiýasynda maglumatlary işläp taýýarlamagyň çäklerinde maglumatlar Internetiň serwerlerinde ýatda saklanylýar hem-de wagtlaýyn olar şahsy kompýuterlere, noutbuklara, smartfonlara – akylly telefonlara, oýun pristawkalaryna örän çaltlyk bilen berilýär. «Bulut» tehnologiýasyndan peýdalananyňyzda öz kompýuteriňizde haýsy hem bolsa bir programma üpjünçiligini saklamak zerurlygy ýok hasaplanylýar, işlejek programmalaryňyzy Internete baglanyňyzda hyzmat hökmünde alyp, kompýuteriňize ýüklemän işläp bolýar.
“Bulutlaýyn hasaplamalar”  (iňl. Cloud Computing) internetdäki serwerleriň köplüginde ýerleşýän maglumatlary ýerleşdirmek we işläp taýýarlamak işini düşündirmek üçin ulanyldy.  Bu gün leksikon bilen hakykylyga şeýle adalgalar hem girýär: “bulutlaýyn operasion ulgamlar”, “bulutlaýyn hasaplamalar”, “bulutlaýyn tehnologiýalar”, “maglumatlaryň bulutlaýyn işlenilip taýýArlanyşy”, “bulutlaýyn ulgamlar”.
Bulutlaýyn hasaplamalar konsepsiýasy ilkinji gezek amerikan alymy Dž. Liklaýder tarapyndaN 1970-nji ýylda öwrenildi we onuň maksady – islendik ulanyjy tordan diňe maglumatlary däl-de, eýsem islendik programmany alyp bilmeli.  Emma eýýam 1996-njy ýylda amerikanyň kompýuter boýunça alymy Dž. Makkarti peýdalanyjylara internet ulgamynyň hasaplaýyş kuwwatlyklaryny hyzmat hökmünde hödürlemekligi teklip etdi.  Bulutlaýyn hasaplamalaryň häzirki zaman taryhynyň başlangyç senesi diýip 2006-njy ýyl hasap edilýär: “Amazon” kompaniýasy ulanyja diňe hostingi üpjün etmek däl-de, müşderilere daşlaşdyrylan hasaplaýyş kuwwatlyklary hödürläp bilýän web-serwisleriň infrastrukturasyny dünýä hödürledi. Bulutlaýyn tehnologiýalar tehniki programma üpjünçiliklerden düzülen we ulanyjynyň talaby boýunça bölünýän konfigurirlenýän hasaplaýyş serişdelerine ähli ýerden tor arkaly elýeterlik bermek mümkinçiligini hödürleýär. Bulutlaýyn hasaplamalar üçin ABŞ-nyň standartlar we tehnologiýalar boýunça milli instituty bilen hasaba alnan indiki tapawutlandyryjy häsiýetnamalary belleýärler:
• Talap boýunça öz-özüňe hyzmat etmek: her bir ulanyja talap boýunça öz bulutlaýyn çözgüdi üçin konfigurasiýany üýtgetmek we özbaşdak kesgitlemek mümkinçilik berilýär;
• uniwersal tor elýeterligi: standart mehanizmleriň kömegi bilen uly aralyklara tor arkaly hasaplaýyş mümkinçilikleriň elýeterligi üpjün edilýär;
• resurslaryň tizlikli çeýeligi: ulanyjy zerur bolan ýagdaýynda bulutlaýyn hyzmatlaryň üstünde gerekli amallary kesgitleýär – ulanylyşy, bulutlaýyn hyzmatlaryň giňeldilmegi, olaryň ulanylşyny azaltmak we olardan ýüz öwürmek;
• hyzmatlaryň ölçenmegi: bulutlaýyn hyzmatlaryň ulanylýan resurslaryny hasabyny we statistikasyny ýöretmek we olaryň esasynda berlen hyzmatlaryna töleg etmek üçin hasap berilýär.
Bulutlaýyn tehnologiýalary artykmaçlyklar bilen şertlenen:
• elýeterlik: bulutlaýyn infrastrukturasynda ýerleşýän maglumatlara ähli ýerlerden elýeterligi internete birikdirilen islendik gurluşlaryň üpjün etmek;
• mobillilik: ulanyjy internet toruna birikme bar bolsa, maglumatlara elýeterlik ýerine bagly däl;
• tygşytlylyk: ulanyjy gymmat bahaly enjamlary, programma üpjünçiligini satyn almak we ulgama hyzmat etmek üçin umuman çykdaýjlary azalýar;
• ýokary tehnologiýa: ulanyja maglumatlary saklamak, seljermek we işlemek üçin uly hasaplaýyş kuwwatlyklar berilýär;
• çeýelik: bulutlaýyn hasaplamalar aňsat giňeldilýärler we bu ulanyjylara zerur bolan wagtynda resurslary we hyzmatlary bermäge mümkinçilik berýär;
• howpsuzlyk: maglumatlaryň bitewiligi we howpsuzlygy kriptografiki serişdeleriň we maglumatlary ugratmak üçin ulanylýan protokollaryň goragyň hasabyna üpjün edilýär.
   Dünýä tejribesine laýyklykda «Bulut» tehnologiýasynyň hyzmatlarynyň 3 sany modeli bar diýlip hasaplanylýar:
1. Programma üpjünçilik hyzmat hökmünde – SaaS, Software as a Servise: Bulut infradüzümde ýerine ýetirýän işler üçin programma üpjünçilik internet prowaýderi tarapyndan ulanyja peýdalanmaga berilýär.
2. Platforma hyzmat hökmünde – PaaS, Platform as a Service: Ulanyjylara bulut infradüzümde döretmek we ulanmak isleýän goşundylary üçin prowaýderiň goldaýan programmalaşdyryş gurallaryny we dillerini berýär.
3. Infradüzüm hyzmat hökmünde – IaaS, Infrastructure as a Service: Ulanyjylar üçin olaryň maglumatlary işläp taýýarlamak üçin serişdeleri, binýatlaýyn hasaplaýyş resurslaryny şol sanda programma üpjünçiliklerini berýär.
Bulut tehnologiýanyň “SaaS” görnüşli serwisleri köp abonentli arhitekturadan peýdalanýarlar: brauzer arkaly müňlerçe müşderileri aýratyn goşundylara (programmalara) elýeter edýär. “SaaS” programma üpjünçilik hökmündäki serwis bolup, ol ulanyjy üçin amatly hyzmat bolup, serwerde awans inwestisiýany ýa-da programma üpjünçiligiň lisenzirlenmegini talap etmeýär.
“SaaS” serwisler ýazylmak ýörelgelerine esaslanýar: programma üpjünçilik prowaýder tarapyndan işleýär, ulanyjylara kärendesine berilýär, onda tölegiň möçberi ulanyjylaryň sanyna, maglumat dolanyşygyň möçberine we ş.m. bagly.
Programmalary ulanyjylaryň kesgitli talabyna laýyklykda düzüp bolýar. “SaaS” bazarynda has üstünlikli işleýän “Salesforce.com” hasaplanylýar. Işewürlik üçin “Google Apps” kompaniýada nyrhlar müşderi üçin aýlyk tölegli. Serweriň bulut diskinde möçber 5Gb, goşmaça tölegiň üsti bilen 20Gb-dan 16Tb-a çenli ýer alyp bolýar. Aýda goşmaça töleg töläp seýle hem alyp bolýar. Aýratyn nyrhdan domen berilýär. Her bir ulanyjy bir elektron gapjyk hasaplanylýar. “Microsoft” kompaniýasy «Bulut» hasaplamalar tehnologiýasyny “Office 365” programmalar üpjünçiliginde alyp barýar hem-de toplumlaýyn çözgütde “CRM”-çözgütlere” esaslanýar. “Microsoft Dinamics CRM” özünde marketingler, satuwlar, müşderilere hyzmatlar, dolandyryş bloklaryny teklip edýär. Şeýle funksiýalaryň kömegi bilen müşderileri özüňe çekmekden başlap, kross-satuwlary bilen gutarýan dolandyryş aragatnaşyklar meseleleriniň toplumyny çözmäge mümkinçilik döredýär.
Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerurdyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsleşige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýeti üstünlikli ösdürmeginiň girewi bolup durýar.

«Bulut» tehnologiýasyndaky maglumatlaryň goragy we ygtybarlylygy ýerli kompýuter tehnologiýalary bilen deňeşdireniňde ýokary hasaplanylýar. Maglumatlaryň ýitmeginden goragy  we howpsuzlygy örän ýokary derejede hasaplanylýar. Uly göwrümli maglumat resurslarynyň ýatda saklanylyşyny, olaryň goraglylygyny döwrebap kiberhowpsuzlyk bilen üpjün edip bolar. Bu bolsa ýurtda maddy we walýuta maliýe serişdeleriniň çykdajylaryny tygşytlamaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini we ylym, bilim ulgamlaryny ösüşiň täze derejelerine çykarýan, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

                                                                                                      Gülnabat Amanowa,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyñ 3-nji ýyl talyby

 

Ýetilen sepgit 16 000 : Maksat 20 000

 

30 sany baýrak Size garaşýar: Sanly ulgam barada Makala bäsleşigi

 

Kosmosda energiýa ulgamy dörediler

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri