ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ulgamyň halkara gatnaşyklaryna täsiri: sanly diplomatiýa

Ylmyň we tehnikanyň ösmegi halkara gatnaşyklary ulgamyny çetde goýmady. Diplomatiýany häzirki zaman şertlerine uýgunlaşdyryp täze usullaryň peýda bolmagyna getirdi. Ýagny sanlylaşma eýýamynda sanly diplomatiýa durmuşda ornaşdy.

Sanly (elektron) diplomatiýa (iňlis dilinde digital diplomacy, e-diplomacy)  bu diplomatik meseleleri çözmek üçin internetiň, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmakdyr. Sanly diplomatiýanyň çäginde global ulgamdaky metbugat, sosial torlar, bloglar we şuňa meňzeş media platformalary ulanylýar.

Elektron diplomatiýa ilkinji nobatda daşary syýasy döwlet edaralary, şeýle hem hökümete degişli bolmadyk guramalar gatnaşýar. Sanly diplomatiýanyň esasy maksatlary daşary syýasy bähbitleri wagyz etmek, internet telewideniýesi, sosial ulgamlar we jübi telefonlary arkaly köpçülikleýin wagyz-nesihat çärelerini geçirmek bolup durýar.

“Sanly diplomatiýa” adalgasy ilkibaşda sanly tehnologiýalara esaslanýan ABŞ-nyň jemgyýetçilik syýasatynda ulanyldy. Bu ugurda ilkinji maksatnamalar 2002-2003-nji ýyllarda Jorj Buşuň dolandyran döwründe bolup geçdi. Ýagny, halkara radio ýaýlymlaryny we teleýaýlymlaryny internet giňişliginde goýuldy. 2006-njy ýylda Döwlet sekretary Kondoliza Raýs sanly aragatnaşyk toparyny döretdi we bu topar sosial ulgamlarda ulanyjylar tarapyndan ýaýradylan ABŞ baradaky maglumatlara gözegçilik edýän hünärmenlerden ybarat. Şol bir wagtyň özünde Döwlet departamentiniň ilkinji resmi blogy, hökümet portaly we birnäçe elektron žurnallar açyldy.            Sanly diplomatiýanyň filosofiki esaslary 2009-2011-nji ýyllarda ABŞ-nyň Döwlet Departamentinde Syýasat meýilnamalaşdyryş müdiri bolup işlän Anne-Meri Slaughteriň ýazgylarynda öz beýanyny tapdy. Onuň pikiriçe, has köp maglumat kanallaryny we aragatnaşyklaryny döredip başarýan döwletler global gün tertibini kesgitläp bilýärler. Häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sanly diplomatiýa maksatnamalary Döwlet departamenti, Merkezi aňtaw gullugy, Goranmak ministrligi we ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugy ýaly dürli edaralaryň çäginde durmuşa geçirilýär.  Beýleki ýurtlar hem soňky ýyllarda sanly diplomatiýanyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýarlar. Mysal üçin, Angliýanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasatyň gün tertibini öňe sürmäge işjeň gatnaşýan sanly diplomatiýa býurosy bar. Russiýa Federasiýasynyň döwlet edaralary hem internetde işjeň hereket edip başladylar. 2002-nji ýylda Russiýanyň Prezidentiniň saýty hereket edip başlady. Şeýle-de 2010-njy ýyldan bäri Twitterde akkaunty bar. Umuman häzirki wagtda  federal ministrlikleriň we döwlet dolandyryş edaralaryň ählisiniň saýty hereket edýär. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi daşary syýasy wakalary Facebook we Twitter arkaly yzarlamaga mümkinçilik döretdiler. Ýurdumyzda sanly diplomatiýa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýola goýlup, üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda diplomatiýanyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän geňeşmeler we masahatlar sanly diplomatiýanyň ugurlarynyň biridir. Sanly diplomatiýanyň amala aşyrýan işleriniň ýene biri ýurdumyzyň abraýyny hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmakdyr. Munuň aýdyň mysaly hökmümde internet giňişligine milli Liderimiziň daşary syýasatyny media giňişligine ýerleşdirilmegidir. Şu ýerde Daşary işler ministrliginiň  resmi saýtynyň hereket etmegi we onda daşary syýasy wakalaryň yzygider beýan edilmegini aýtmak gerek. Mundan başga-da hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli internet saýty hereket edýär we onda Milli Liderimiziň eserleriniň elektron kitaphanasy ýerleşdirilen. Bu bolsa daşary ýurtly okyjylara Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

                                                                                       Laçyn Hojaýewa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby

83 ýyl ozal öndürilen pomidor şerbeti satuwa goýuldy

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri