BIZNES

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasary – senagat we söwda ministri Oleg Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky Tatarystany[ wekiliýeti  Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň X mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministrliginiň Telegram-kanaly habar berdi.

Tatarystanyň wekilleri Türkmenistanyň resmi wekilleri, şeýle hem “Türkmennebit”, “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň, “Türkmenenergo” DÄK-niň, Söwda-senagat edarasyny[ we ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Taraplar geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Oleg Korobçenko Tatarystanyň kompaniýalarynyň eýýäm Türkmenistanyň çäginde birnäçe uly we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirýändiklerini nygtady. Tatarystan türkmen hyzmatdaşlary bilen ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda maşyn gurluşygy, energetika we nebit önümçiligi ugurlarynda giňeltmäge gyzyklanýar.

Şeýle saparlar “Halkara hyzmatdaşlyk we eksport” atly milli taslamanyň maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär