BIZNES

Dünýädäki iň uly nebit kompaniýalarynyň biri adyny üýtgetdi

Dünýädäki iň uly nebit kompaniýalarynyň biri bolan «Total» adyny «TotalEnergies» diýip üýtgetdi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Habarda: «Maýadarlaryň nobatdaky ýygnagynda «Total» kompaniýasynyň adyny «TotalEnergiese» diýip üýtgetmek karary biragyzdan kabul edildi. Bu onuň uly göwrümli energiýa kompaniýasyna öwrülýändigini kepillendirýär» diýilýär.

Kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Patrik Puýannenyň pikiriçe, planetada yklym meselleri duş gelipdir. Kompaniýa dünýäniň durnukly ösüşine goşant goşmak maksadynda energiýanyň täze çeşmelerine tarap ymtylýar.

Ol öz sözünde: «Maksadymyz ― geçiş energiýasynda dünýä derejesinde bäsdeş bolmak. Şol sebäpli «Total» adyny üýtgedýär, «TotalEnergies» bolýar. Kompaniýa 1999-njy ýyla çenli «TOTAL S.A.» diýlip atlandyrylypdyr. Belgiýanyň «Petrofina» kompaniýasy satyn alnandan soň onuň ady «TotalFina» diýlip üýtgedilen.

2000-nji ýylda kompaniýa «Elf Aquitaine» bilen birleşip, adyny «TotalFinaElf» diýip atlandyryp başlapdyr. 2003-nji ýylda oňa öňki adyna gaýtarylypdyr.

«Total» dünýädäki iň uly on sany nebitgaz kompaniýalarynyň hataryna girýär. Kompaniýa 130-dan gowrak ýurtda iş alyp barýar. «Total» 2020-nji ýylda 7,2 milliard dollar ýitiripdir. Muňa koronawirus pandemiýasy sebäp bolýar.

 

Awtomobillerde gaz ýangyjyny ulanmagyň aýratynlyklary

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar