Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, gün tertibiniň esasy meselesiniň sanly ulgam bilen baglanyşyklydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Konsepsiýada göz öňünde tutulan wezipeleri üç tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Birinji tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredilip, onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy. “Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň möhüm esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web saýtlary döretmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Ikinji tapgyrda — 2020 — 2023-nji ýyllarda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlet hyzmatlar portaly döredildi. Bu portal elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny etmek üçin “Bir penjire” awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy görnüşindedir. Häzirki wagtda portalda maglumat hyzmatlary, döwlet edaralarynyň internet saýtlary we beýlekiler ýerleşdirildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň çäklerinde ikinji tapgyrda “Elektron hökümet” ulgamyny doly işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy.
Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyry 2024-2025-nji ýyllary öz içine alyp, bu tapgyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň, usullaryň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, Konsepsiýada bellenen wezipeleriňdir çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Bu tapgyrda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeler esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak, bu ugurda işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bir bitewi Maglumat merkezini döretmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň «Aragatnaşyk liniýalaryny goramagyň kadalaryny tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aragatnaşyk ulgamyny goramagy dolandyrmak meselelerini çözmek babatda anyk tabşyryklary berip, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.