Sanly tehnologiýalar, sanly programmalar, sanly maglumatlar häzirki wagtda tutuş adamzat jemgyýetiniň aýrylmaz bir bölegi boldy we olaryň köp işlerimizi has ýeňilleşdirýändigi hemmä mälimdir. Gaty uzaga gitmän aýtsak, heniz internet ulgamy peýda bolmadyk döwründe adamlar gerek bolan maglumatlaryny tapmak üçin kitaphanalary ýa-da gazet-žurnallary agtarmak bilen bolardy. Tehnologiýanyň ösmegi we internetiň ýüze çykmagy bilen gerekli bolan maglumatlary, islendik ugurdan ýüze çykýan sowallary internetiň kömegi bilen öýümizden çykmazdan çözüp bilýäris. Smartfonlar, kompýuterler, planşetler ösüp gelýän ýaş nesilleriň aýrylmaz “dostuna” öwrüldi. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has köp ulanýan zatlarynyň hatarynda durýar.
Ýeri gelende bellesek ýurdumyzda her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterler sowgat berilýär. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap sanly tehnologiýalardan kämil baş alyp çykarmaklaryny üpjün edýär. Hut şu sebäpden hem hormatly Prezidentimiz “XXI asyr bizden dünýäniň ösen döwletleriniň ylym-bilimde ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmegi, döwrüň talaplaryndan ugur almagy talap edýär” diýip belleýär. Bu günki bilimli çagalar biziň ak ertirlerimizdir.
Esasan hem, sanly tehnologiýalar kiçi ýaşly çagalaryň aňyna has çalt täsir edýär. Ene-atalar çagalaryň ösen tehmologiýalardan üstünlikli baş çykarmagyny isleýärler. Şol sebäpli dünýä alymlary ene-atalaryň çagalara sanly tehnologiýalardan baş çykarmagyň peýdaly taraplaryny öwretmegi maslahat berýärler. Özbaşdak kiçi ýaşly çagalardygyna garamazdan smartfonlaryň, kompýuterleriň kömegi bilen dürli peýdaly programmalary düzüp bilýän çagalar az däl. Mysal üçin, çagalaryň pikirlenişini, matematika sowatlylygyny artdyrýan dürli oýunlary getirmek bolar. Olar çagalaryň boş wagtlaryny peýdaly we ene-atalaryndan uzaklaşmazdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Çagalar ululara garanda sanly tehnologiýalara has çalt uýgunlaşýar. Şonuň üçin hem çaga aňyna sanly tehnologiýalaryň peýdaly taraplary köp bolşy ýaly zyýanly taraplary hem bardyr.
Mundan 30 – 40 ýyl öň çagalara “Bir bar eken bir ýok eken…” diýlip erteki aýdylyp berilýän bolsa-da häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen bu ýagdaý azda-kände özgerip barýar. Çagalar her näçe ertekili kitaplary okasalar-da, multifilme tomaşa etmek olar üçin has gyzykly bolup görünýär. Çünki ses, şekil, hereket, duýgy, duýgy birleşip çaganyň ünsüni özüne çekýär. Wakalar olar üçin has gyzykly görünýär. Emma çagalar multifilme tomaşa edenlerinde diňe multifilmi döredenleriň kesgitlän çäklerinde pikirlenýärler. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri hem çagalara görkeziljek multifilmleriň dogry seçilip alynmagydyr. Çünki çaga kinolarda, multifilmlerde gören her bir hereketini gaýtalamaga çalyşýar. Bu bolsa olaryň heniz seljeriş, akyl ýetiriş ukyplarynyň doly kemala gelip ýetişmänligi sebäplidir.
Sanly tehnologiýalary dogry ýerde we dogry wagtda peýdalanmak hökmandyr. Çagalar wagtynyň köp bölegini gözegçiliksiz sanly tehnologiýalar, smartfonlar, kompýuterler bilen geçirýän bolsa, olar çagalara akyl we fiziki taýdan täsirini ýetirip biler. Dünýä alymlarynyň bellemegine görä, wagtyndan aşa smortfonlarda ýa-da kompýuterlerde oýna güýmenýän çagada pikirleniş ukybynyň peselmegi, göz agyrylary, kelle agyrylary, ukusyzlyk, işdäsiniň kesilmegi ýaly rahatsyzlyklar ýüze çykyp bilýär. Şonuň üçin hem ene-atalar çagalarynyň tehnologiýalara aşa özlerini aldyrmasyna ýol bermeli däldir. Çagalaryň peýdasyz oýunlara güýmenýän wagtlaryny has peýdaly bir zatlar bilen çalyşmaga synanyşmaly. Sport çagalaryň zehinli we sagdyn bedenli bolup ýetişmeklerinde uly orny eýeleýär. Sport çagalaryň ýaramaz endiklerden gaça durmaklaryna, wagtlaryny tygşytly sarp etmeklerine-de ýardam edýär. Emma ähli çagalaryň sporta höwesi bolup durmaýar. Şonuň üçin şeýle çagalary sporta gönükdirmek ene-ata kyn düşüp biler. Şonuň üçin hem ene-atalar çagalaryň özbaşdak edýän hereketlerine, dogry terbiýelenmegine yzygiderli gözegçilik etmelidir.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.