SPORT

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady

«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji duşuşygyny geçirdi.

Arkadag şäheriniň futbol kluby özbek topary — «Andijan» bilen myhmançylykda duşuşdy.

«Bobur Arena» stadionynda geçirilen oýun 1:1 hasabynda tamamlandy.

Ilki bilen ýer eýeleri tapawutlandylar. Hüjümçi Akinade 63-nji minutda tapawutlandy. Ruhdan düşmedik ildeşlerimiz bu goldan soňra tapawutlanmagy başardy.

Şondan bäş minut soň bolsa türkmen topary jogap goluny geçirdi. Şamämmet Hydyrowyň geçiren pasyny hüjümçi Didar Durdyýew derwezä gönükdirdi.

Şeýlelikde, duşuşyk 1:1 hasabynda deňlikde jemlendi.

Jemleýji — altynjy tapgyrda bolsa «Arkadag» futbol kluby Bahreýniň «Al-Haldiýa» kabul eder. Duşuşyk 24-nji dekabrda geçiriler.

Related posts

Ukrainaly boksçy dünýäniň absolýut çempionlygy gaýdyp aldy

Erik ten Hag “Mançester Ýunaýted” toparynda galdy

Ýewropanyň iň köp hak tölenýän tälimçisi boldy