Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgam bilen bagly kanunçylyk binýady berkidilýär, möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we durmuşa geçirilýär.
Aýdyň maksatly, belent tutumly işleri rowaçlyklara, ösüşlere beslenýän Garaşsyz Watanymyzda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçilmegi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirmek maksady bilen öňdebaryjy tejribäni we tehnologiýalary ornaşdyrmak «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» esasy wezipeleriniň biridir.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň bähbidine we döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak-möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.
Soňky ýyllarda goşulan gymmaty ýokary bolan önümleri öndürýän gaýtadan işleýän pudaklara ünsi güýçlendirmek milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategik maksady hökmünde kesgitlendi.
Aýjeren Mededowa, S.A. Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.