SPORT

Salah “Luwerpulda” galmakçy

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli hüjümçisi Mohamed Salahyň iňlis topary täze şertnama baglaşjakdygy habar berildi. Sport neşirleriniň habaryna görä, müsürli futbolçy bilen toparynyň arasynda täze şertnama boýunça şertlerde ylalaşyklaryň gazanylandygy mälim edildi.

Salah 2017-nji ýylda “Roma” toparyndan “Liwerpul” toparyna geçipdi. Ol bu möwsümde ähli ýaryşlarda 27 duşuşykda oýnap, 17 gol geçirdi. 31 ýaşyndaky müsürli futbolçynyň bazar bahasy “Transfermarkt” portalynyň maglumatyna görä, 65 million dollara deňdir.

Häzirki wagtda “Liwerpul” topary Angliýanyň çempionatynda birinji orunda barýar. Şu günler Salah bolsa, Müsüriň milli ýygyndysy bilen Afrika Milletler Kubogynyň ýaryşyna gatnaşýar.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler