SIZDEN GELENLER

Şäherimiziň täsin ösümligi

Ýukka ösümligi boýy 1,5 m-e çenli ýetýän, elmydama ýaşyl öwüsýän köpýyllyk gyrymsy agaçdyr. Onuň güýçli ösen çogdam we gapdal kökleri bolýar. Uly ýapraklarynyň uzynlygy 70 santimetre, ini 3,5 santimetre çenli ýetýär. Iňňe ýaly ýiti uçly, etlek ýapraklary baldakda owadan çogdam bolup ýerleşýärler. Bahar we güýz aýlarynda jaňjagaza meňzeş, owadan, iri ak gülleri emele getirýär. Gül emele getirýän baldagyň uzynlygy 1 metre çenli beýiklige ýetip bilýär. Ol goza miweleriniň içinde 60-a çenli gara reňkli tohumlary emele getirýär. Ýöne ýukkanyň miweleri diňe öz watanynda emele gelýär. Sebäbi diňe şol ülkelerde ýaşaýan kiçijik kebelekler ýukka ösümligini tozanlandyrmaga ukyplydyrlar.

Ýukka ýabany görnüşde Meksikanyň we ABŞ-nyň ýarym çöllüklerinde giň ýaýrandyr. Biziň ýurdumyzda bu agaç esasan bezeg ösümligi hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýukkany esasanam seýil baglarynda, köçeleriň gyralarynda ekýärler, ýöne ol küýzelere ekilip otagda ösdürilende has hem täsin görünýär. Ony pyntyklarynyň, gapdal pudaklarynyň, kökleriniň kömegi bilen köpeldýärler. Ol ýörite idegi we topragy talap etmeýär, sowuga we gurakçylyga çydamly. Güneşli ỳerde ösdürilỳär. Otagda ösdürilýänlerini hem tomus aýlary açyk howa çykarmak maslahat berilýär. Ýukka köp suw talap etmeýär, eger-de toprakda çyglylygyň ýokary derejesi bolsa kök çüýremesi emele gelýär. Ýukka agajy diňe bir bezeg ösümligi bolman, eýsem dermanlyk ösümlik hökmünde hem bellidir. Onuň ýapraklarynda 2% çenli steroin sapogenini bolan tigogenin saklanýar. Käbir ýurtlarda bu ösümlik gormonal kortikosteroid preparatyny öndürmekde çig mal bolup hyzmat edýär. Şeýle-de ýukkanyň ýapraklarynda K, Ca, Mg, Fe ýaly makroelementler, Mn, Cu, Zn, Mo, Cr, Al, Ba, V, Se, Ni, Sr, Pb, B, I hem-de Co, Cd, Li, Ag, Au, Br ýaly beýleki gerekli mikroelementler saklanýar.

Hindistanda ýukka ösümliginiň janly haýat hökmünde ulanylýandygy we ekilýändigi bellidir. ABŞ-da ýukkanyň süýmleri gowaça süýmleri bilen bilelikde jinsi matasyny taýýarlamakda peýdalanylýar. Şeýle matalar gaty berk bolup, uzak wagtlap ýyrtylmany bilmeýär. Şeýle-de ýukkanyň süýmleri tanap ýüpleriň we kagyzyň önümçiliginde ulanylýar.

Oguljeren Batyrowa, TOHU-nyň talyby.

 

 

Gazagystan Türkmenistana täze ilçi belledi

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty